Aşgabadyň merkezinde “Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler. Türkmenistanyň Prezidenti Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, innowasion çözgütleri milli ykdysadyýete ornaşdyrmak we bu ugurda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen degişli karara gol çekdi.
Karara laýyklykda, forumy 2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 26-27-sinde Aşgabat şäherinde geçirmek Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna tabşyryldy. Mundan başga-da, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna bu ylmy çärede Ylymlar akademiýasyna guramaçylyk taýdan ýardam bermek borjy ýüklenildi.
Forumyň çäginde innowasiýalar we täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça tejribeler paýlaşylyp, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze ugurlary kesgitlener. Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky ylym we tehnologiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, iki ýurduň ykdysady ösüşine itergi berjek täze taslamalaryň esasyny düzmäge ýardam eder.
Dünýä BATMANOWA
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby