Türkmenistanyň şanly Bitaraplygynyň 29 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli mekdebe çenli çagalar edaralarynyň körpeleriniň arasynda “Bitarap Watanyň waspy dillerde” atly çeper okaýyş boýunça bäsleşik geçirilýär. Bu bäsleşik Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe körpeleriň edep-terbiýesini we sözleýiş başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen geçirilýär. Bäsleşik, Türkmenistanyň Bilim Ministrligi tarapyndan yglan edilip, şu ýylyň dekabr aýynyň 3-10-y aralygynda tapgyrlaýyn guralar.
Çagalaryň watançylyk duýgularyny terbiýelemek, sözleýiş ukyplaryny kämilleşdirmek we olarda döredijilikli başlangyçlary höweslendirmek esasy maksatlaryň biridir. Bäsleşigiň birinji tapgyry mekdebe çenli çagalar edaralarynda, ikinji tapgyry etrap derejesinde, soňky tapgyry bolsa welaýat derejesinde geçiriler. Ýeňiji bolan çagalar Hormat hatlary we diplomlar bilen sylaglanarlar.
Habary Türkmenistanyň Bilim Ministrligi habar berýär. Bäsleşigiň doly maglumatyny şu ýerden okaň.
Mähri YHTYÝAROWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby