Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanda täze elektrik beketleri işe girizildi ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň özeni ✦ ✦ Türkmenbaşy şäherinde "Sagdyn nesil - sagdyn jemgyýet" atly kiçi futbol bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Döwletli Nesibe HJ: Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda sanly çözgütleriň öňbaşçysy ✦ ✦ Paýtagtymyzda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy – 2024» atly halkara sergisi öz işine başlady ✦ ✦ Ylym öwrenmek - dünýä akyl ýetirmek ✦ ✦ Maglumat ulgamlary häzirki döwrüň möhüm pudagy ✦ ✦ Çagalar baglary üçin täze metodologiýa neşir edildi ✦ ✦ "Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary" atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Zähmet, bereket we ösüş baýramy ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmen-täjik gatnaşyklary rowaçlanýar
  20.10.2024
144
Türkmen-täjik gatnaşyklary rowaçlanýar

Aşgabat şäherinde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Täjigistanyň wekiliýetine Premýer-ministriň orunbasary Sulaýmon Ziýozoda başlyklyk etdi. Mejlisiň dowamynda,Türkmenistanyň resmi metbugatynyň çarşenbe güni habar bermegine görä, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerine aýratyn üns berildi.

 

Çärä gatnaşyjylar, söwda dolanyşygynyň artdyrylmagy, maýa goýum işini işjeňleşdirmek we energetika, ulag, logistika, oba hojalygy we senagat ýaly ulgamlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikleri maslahatlaşdylar. Şeýle hem, işewür toparlaryň arasynda gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigi we yzygiderli geçirilýän bilelikdäki çäreleriň işewür gatnaşyklary ösdürmäge şert döredýändigi nygtaldy.

 

Iki ýurduň wekilleri, uzak möhletleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine, şol sanda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak meselelerine hem üns berdiler. Medeni hyzmatdaşlyk hem ara alyp maslahatlaşmalarda möhüm orun eýeledi. Iki ýurt arasynda Medeniýet günleriniň we beýleki döredijilik çäreleriniň üstünlikli geçirilendigi bellenildi. Taraplar saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Nargül SURMANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
talyby.