Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ "Elektrik Maşynlary" boýunça açyk internet olimpiadasy başlaýar ✦ ✦ Saglyk - iň gymmatly baýlyk ✦ ✦ Türkmen alymlary Moskwada geçirilen suwdan peýdalanmak boýunça maslahata gatnaşdylar ✦ ✦ Manadyň 31 ýyllygy mynasybetli ykdysadyýet boýunça bäsleşik ✦ ✦ Himiýa we gaz himiýasy pudagyndaky innowasion tehnologiýalar boýunça halkara maslahat ✦ ✦ Türkmenistanda Kiberhowpsuzlyk Hakatony: "Turkmen Cyber. Hack" Bäsleşigi ✦ ✦ TDEI “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýn bäsleşigi geçirýär ✦ ✦ “Statistika” dersi boýunça internet bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan ŞHG guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär ✦ ✦ Türkmen-täjik gatnaşyklary rowaçlanýar ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmenistan ŞHG guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
  20.10.2024
14
Türkmenistan ŞHG guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

Häzirki wagtda ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýumlary ýaly ulgamlarda Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG) bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikler bar. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, mejlisde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly bilelikdäki taslamalara aýratyn üns berildi.

 

Türkmen tarapy, şeýle hem Hazar deňziniň gündogar kenaryndan geçýän we Türkmenistany Eýran bilen Hindistana baglanyşdyrýan Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesiniň ähmiýetini nygtady. Bu geçelgäniň sebitde söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda uly ähmiýeti bardygy bellenildi.

 

Mejlisiň dowamynda söwda dolanyşygyny ösdürmek we gatnaşyjy ýurtlaryň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen wekiliýeti medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini belledi.

 

R. Meredow, türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Aşgabadyň merkezinde geçirilýän halkara foruma gatnaşan ŞHG ýurtlarynyň wekillerine hoşallyk bildirdi.

 

Selbi KADYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
talyby.