Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ "Elektrik Maşynlary" boýunça açyk internet olimpiadasy başlaýar ✦ ✦ Saglyk - iň gymmatly baýlyk ✦ ✦ Türkmen alymlary Moskwada geçirilen suwdan peýdalanmak boýunça maslahata gatnaşdylar ✦ ✦ Manadyň 31 ýyllygy mynasybetli ykdysadyýet boýunça bäsleşik ✦ ✦ Himiýa we gaz himiýasy pudagyndaky innowasion tehnologiýalar boýunça halkara maslahat ✦ ✦ Türkmenistanda Kiberhowpsuzlyk Hakatony: "Turkmen Cyber. Hack" Bäsleşigi ✦ ✦ TDEI “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýn bäsleşigi geçirýär ✦ ✦ “Statistika” dersi boýunça internet bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan ŞHG guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär ✦ ✦ Türkmen-täjik gatnaşyklary rowaçlanýar ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /"Elektrik Maşynlary" boýunça açyk internet olimpiadasy başlaýar
  21.11.2024
22
"Elektrik Maşynlary" boýunça açyk internet olimpiadasy başlaýar

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda "Elektrik maşynlary" dersinden Açyk internet olimpiadasy

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty "Elektrik maşynlary" dersinden ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Açyk internet olimpiadasyny gurnaýar. Olimpiada talyplaryň döredijilik ösüşini höweslendirmek, bilimlerini berkitmek we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak maksadyny göz öňünde tutýar.

 

Esasy maglumatlar:

  • Senesi: 2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 20-si, sagat 14:00.
  • Çärede gatnaşmak: Her ýokary okuw mekdebinden 5 talyp gatnaşyp biler.
  • Formaty: Olimpiada onlaýn görnüşde geçiriler we 50 soragdan ybarat bolar, şol sanda bir jogaply test soraglary hem-de mesele çözgüdi talap edýän testler. Ýaryş 120 minut dowam eder.
  • Hasaba alyş möhleti: Talyplaryň sanawlary 2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 1-10 aralygynda tabşyrylmaly.
  • Habarlaşmak üçin:
    • Telefon: +99365331356 / +99365336111
    • E-mail: tdei@tdei.edu.tm

Ýeňijiler toplan ballaryna görä diplomlar bilen sylaglanar. Doly maglumatlar Türkmenistanyň Bilim minsitrliginiň sahypasynda ýerleşdirilen.

 

Arslangeldi BAÝRAMOW
TDEI-niň talyby