Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ "Elektrik Maşynlary" boýunça açyk internet olimpiadasy başlaýar ✦ ✦ Saglyk - iň gymmatly baýlyk ✦ ✦ Türkmen alymlary Moskwada geçirilen suwdan peýdalanmak boýunça maslahata gatnaşdylar ✦ ✦ Manadyň 31 ýyllygy mynasybetli ykdysadyýet boýunça bäsleşik ✦ ✦ Himiýa we gaz himiýasy pudagyndaky innowasion tehnologiýalar boýunça halkara maslahat ✦ ✦ Türkmenistanda Kiberhowpsuzlyk Hakatony: "Turkmen Cyber. Hack" Bäsleşigi ✦ ✦ TDEI “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýn bäsleşigi geçirýär ✦ ✦ “Statistika” dersi boýunça internet bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan ŞHG guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär ✦ ✦ Türkmen-täjik gatnaşyklary rowaçlanýar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Himiýa we gaz himiýasy pudagyndaky innowasion tehnologiýalar boýunça halkara maslahat
  21.10.2024
28
Himiýa we gaz himiýasy pudagyndaky innowasion tehnologiýalar boýunça halkara maslahat

2024-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Himiýa we gaz himiýasy pudagynda innowasion tehnologiýalaryň geljegi» atly halkara ylmy-amaly maslahat onlaýn görnüşinde geçiriler. Maslahata degişli ýokary okuw mekdepleriniň professorlary, aspirantlary, talyplary, şeýle hem ylym edaralarynyň, senagat kärhanalarynyň, pudaklaýyn kompaniýalaryň bilermenleri we halkara hünärmenler gatnaşar.

Maslahata her ýokary okuw mekdebinden 1 professor we 1 talyp, guramaçylyk edaralaryndan bolsa 1 wekili gatnaşar. Maslahata gatnaşmak isleýänler 2024-nji ýylyň 20-nji oktýabryna çenli uniwersitetiň saýtynda hasaba alyş resminamalaryny dolduryp, tezisler bilen birlikde tabşyrmaly. Tezisleriň elektron ýygyndysy bolsa, maslahatdan soňra uniwersitetiň saýtynda şu ýerde görkezilen düzgünlere laýyklykda çap ediler.

Bu halkara forum ylmy garaýyşlaryň çalşylyşmagyna, täze gatnaşyklary gurmaga, we dünýäniň dürli künjeklerinden gatnaşyjylaryň gymmatly tejribe alyşmagyna mümkinçilik döreder. Maslahatyň guramaçylyk komiteti, bu forumyň ylmy çekişmeler, netijeli duşuşyklar üçin täsirli meýdança boljakdygyna we durnukly geljek üçin oňyn çözgütler tapmaga ýardam etjekdigine ynanýar.

Habarlaşmak üçin elektron poçta: hngu.ylmymaslahat@gmail.com ýa-da telefon belgileri: +993 12 39 13 03 we beýleki belgiler.

Bu çäre, Türkmenistanyň ýaşlarynyň 2023 – 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygy strategiýasyna, Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyna we Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan konsepsiýalara laýyklykda geçiriler.

Çeşme: Altyn asyr: Türkmenistan

 

Ogulnabat NURSÄHEDOWA
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara
Nebit we gaz uniwersitetiniň I ýyl talyby