Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ "Elektrik Maşynlary" boýunça açyk internet olimpiadasy başlaýar ✦ ✦ Saglyk - iň gymmatly baýlyk ✦ ✦ Türkmen alymlary Moskwada geçirilen suwdan peýdalanmak boýunça maslahata gatnaşdylar ✦ ✦ Manadyň 31 ýyllygy mynasybetli ykdysadyýet boýunça bäsleşik ✦ ✦ Himiýa we gaz himiýasy pudagyndaky innowasion tehnologiýalar boýunça halkara maslahat ✦ ✦ Türkmenistanda Kiberhowpsuzlyk Hakatony: "Turkmen Cyber. Hack" Bäsleşigi ✦ ✦ TDEI “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýn bäsleşigi geçirýär ✦ ✦ “Statistika” dersi boýunça internet bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan ŞHG guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär ✦ ✦ Türkmen-täjik gatnaşyklary rowaçlanýar ✦
Baş sahypa / Saglyk /Saglyk - iň gymmatly baýlyk
  22.10.2024
15
Saglyk - iň gymmatly baýlyk

Güneşli Diýarymyzda berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän taýsyz tagallalary, başlangyçlary esasynda adam saglygyna uly üns berilýär.  “Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy” ýylynda ata Watanymyzda ynsan saglygyny goramakda birnäçe möhüm çäreler amala aşyrylýar. Ynsan saglygy – döwletiň iň esasy genji-hazynasydyr, baýlygydyr. Ýurdumyzda ilatyň durmuş taýdan goraglylygy ýokary derejede üpjün edilýär. Halkymyzyň saglygyny goramakda giň gerimli işler alnyp barylýar. 

 

Türkmenistan Watanymyzda halkymyzyň sagdyn, bolelin we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Adam saglygyny goramakda we berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolan sport oýunlaryna we bedenterbiýe maşklaryna uly üns berlip, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerilýär. 

 

Saglyk – ynsanyň bahasyna ýetip bolmajak iň gymmatly baýlygydyr. Ynsan saglygy hakda alada eýýäm çaga ene göwresinde kemala gelip ugran döwründen başlanýar. Adamyň sagdyn ýaşamagy üçin howanyň, suwuň, iýmitiň arassalygy möhümdir. Sagdyn daşky gurşawyň üpjün edilmegi sagdyn ýaşaýşyň gözbaşydyr. Beden taýdan sagdyn bolmak – sagdyn ýaşamaklygyň özenidir. Çünki, “saglyk” diýmekligiň özi “kadaly işleýän beden”, “bedeniň sagatlygy”, “bedeniň berkligi” diýmekdir. Saglyk – beglikdir. Adamzadyň durmuşy, eşretli ýaşaýşy gönüden-göni onuň beden saglygy bilen baglanyşykly bolýar. Magtymguly atamyzyň “Saglygyň gadryny bilgin, hasta bolmazdan burun” diýen dana jümlesiniň aňyrsynda uly many-mazmun ýatyr. “Saglyk” adalgasynyň manysy dogry ýaşamak bilen düşündirilýär. Adamzadyň pikiri sagdyn bolan mahaly bedeni hem sagdyn bolýar. Ýagny, bu ýagdaý “ruhy taýdan sagdynlyk” bilen düşündirilýär.

 

Biziň Watanymyz Türkmenistan - sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdudyr. Diýarymyzda ynsan saglygyny goramakda, raýatlaryň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmekde ummasyz işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdýarys! Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halkymyzyň saglygyny goramakda durmuşa geçirýän işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Merjen DURDYÝEWA
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş
ylymlary kafedrasynyň
mugallymy