Türkmenistanyň Bilim ministrliginde "Innowasiýa ykdysadyýeti we startap-ekoulgam" atly tegelek stol geçirildi. Çäräniň maksady, startaplary ösdürmek, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň birleşmegini gazanmakdy. Halkara tejribe esasynda, uniwersitetleriň ýanynda işewürlik inkubatorlary döretmek, zähmet bazaryna laýyk okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, ýaş telekeçilere hukuk we maliýe goldawynyň möhümdigi nygtaldy.
Saparow Oguzhan
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby