Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Kitapdyr ynsanyň baky hemrasy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
2024-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda talyp ýaşlarda kitap okamaga bolan söýgini döretmek we olary kitaphana has işjeň çekmek maksady bilen “Kitapdyr ynsanyň baky hemrasy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda institutyň mugallymlary we kitaphana işgärleri täsirli çykyşlar bilen çykyş etdiler.
Çykyşlarda kitap, her bir adam üçin äleme açylan gapydyr we geçmişe syýahat edip, geljege göz aýlamak üçin ajaýyp bir ýoldur diýip bellenildi. Şeýle hem kitaplaryň üsti bilen başgalaryň durmuş tejribelerini öwrenip, her bir eseriň manysyna çuňňur aralaşyp bolýandygy barada mysallar getirildi. Duşuşygyň dowamynda dürli çeper eserlerden alnan maglumatlar arkaly talyp ýaşlar kitaplaryň ähmiýeti barada giňden gürrüň alyşdylar.
Çeşme: TDEI,
Gadam AGABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.