Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Jepbar Hansähedowyň 100 ýyllygy bellenildi ✦ ✦ Haknazar Haljanov proposes key points for national strategy for integrating education with industry ✦ ✦ Türkmen Alabaýynyň şöhraty dabaralandy ✦ ✦ Paýtagtymyzda III türkmen-hytaý innowasion forumy geçiriler ✦ ✦ Yolugry: Syýahat üçin elyeterli we ýeňil hyzmat ✦ ✦ Hytaýyň ilkinji ýüzýän Gün stansiýasy ✦ ✦ Mazamda dagyndaky gadymy wulkan partlamasynyň takyk senesi anyklandy ✦ ✦ Industry Leaders Address Students at Turkmen State Finance Institute on Education and Skills ✦ ✦ Ykdysadyýet we Dolandyryş Institutynda maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanda Ermenistanyň medeniýet günleri geçiriler ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Türkmen-italýan bilim hyzmatdaşlygy giňeldilýär
  23.10.2024
96
Türkmen-italýan bilim hyzmatdaşlygy giňeldilýär

Türkmenistanyň we Italiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Aşgabatda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Italiýanyň daşary ýurtlylar üçin Peruji uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

Gol çekilen resminama laýyklykda, ýokary okuw mekdepler daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usulyýetlerini ornaşdyrmak we öňdebaryjy terbiýeçilik tejribesini kämilleşdirmek ulgamynda hyzmatdaşlyk alyp bararlar. Okuw meýilnamalary, maksatnamalary, okatmagyň usulyýetlerini we ylmy-usulyýet gollanmalaryny, ylmy makalalary we okuw kitaplary alyşmak ugrunda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürerler.

Mundan başga-da, daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek maksady bilen, daşary ýurtlylar üçin Peruji uniwersiteti Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýüz tutmasy boýunça italýan dilini öwretjek mugallymlary Türkmenistana iberer.

Daşary ýurtlylar üçin Peruji uniwersiteti daşary ýurtly talyplary italýan dilini we edebiýatyny okatmaga ýöriteleşdirilip, 1921-nji ýylda esaslandyryldy we Italiýanyň gadymy hem-de abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolup durýar.

Talyplaryň daşary ýurt dillerini öwrenmegine we ýokary hilli dil taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň okuw mekdepleri öňdebaryjy ylym we bilim merkezleri, dünýäniň ýokary mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy işjeň ýola goýýarlar hem-de giňeldýärler, bu bolsa milli bilim ulgamynyň ileri tutulýan wezipeleriniň çözülmegine köp babatda ýardam edýär.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr"

Akmyrat ABAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.