Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Türkmen maşgalasynda edep-terbiýäniň berilmeginde psihologik tilsimleriň orny
  11.05.2024
249
Türkmen maşgalasynda edep-terbiýäniň berilmeginde psihologik tilsimleriň orny

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gadymdan gelýän milli däplerimize we umumadamzat ýörelgelerimize laýyklykda jemgyýetimiziň esasy gymmatlygy bolan maşgala we onuň mukaddesligini gorap saklamaga döwlet derejesinde aýratyn uly üns berilýär. Ösüşli menzillerden  ynamly öňe barýan ata Watanymyzda bagtyýar maşgalalaryň sany günsaýyn artýar we maşgala gatnaşyklary barha kämilleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, maşgala jemgyýetiň ilkinji guramasy bolup durýar. 

 

Türkmen maşgalasy edep-terbiýäniň, mukaddesligiň özeni hasaplanylýar. Maşgala terbiýesiniň gözbaşynda dowamat-dowam bolup gelýän milli däp-dessurlar, edim-gylymlar, pähimli ýörelgeler bolup, ol ýörelgeler şu günki gün ýurdumyzyň maşgala kanunçylygynyň esasyny düzýär. Maşgala we onuň bilen bagly gatnaşyklary pugta  berkitmek babatda işlenilip düzülen döwrebap üýtgetmelerdir goşmaçalar bilen kämilleşdirilýän kanunçylyk namalary öz gezeginde bu ugurdaky işiň hukuk esaslaryny berkitmäge uly ýardam berýär. 

 

Ýurdumyzda durmuş maksatly taslamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagy, täze ýaşaýyş jaýlarynyň giň gerimde gurlup ulanmaga berilmegi maşgalalaryň bagtyýar durmuşynyň, enäniň we çaganyň hukuk goraglylygynyň üpjün edilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. 

 

 «Watan diňe halky bilen Watandyr!, Döwlet diňe halky bilen Döwletdir!» hem-de «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleri ähli işleriň özeninde goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Gunça AGAJANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň
Pedagogika fakultetiniň "Psihologiýa-pedagogika
bilimi" magistranty.