logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Türkmen halysy-arşyň nepisligi!
  04.01.2021
1366
Türkmen halysy-arşyň nepisligi!

       Milli medeniýetimizi ösdürmäge aýratyn üns berilmegi netijesinde, merdana halkymyzyň ösen ruhy dünýäsini, baý medeni mirasyny açyp görkezýän, halkara derejesinde geçirilýän medeni çäreleriň gerimi barha giňelýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň hödürlemegi boýunça türkmen milli halyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek barada çözgüdiň komitete agza ýurtlar tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi halyçylyk sungatynyň türkmen halkynyň gaýtalanmajak maddy däl medeni gymmatlygy hökmünde tutuş Ýer ýüzünde ykrar edilmegi boldy. Türkmen halky deňi-taýy bolmadyk köp görnüşli meşhur halylary bilen dünýä medeniýetine uly goşant goşdy. Maddy däl medeni mirasyň goralyp saklanylmagynyň ilkinji şerti gymmatlyklaryň nesilden-nesle geçirilmegi bolup durýandyr. Türkmen halysynyň gadymy wagtlardan bäri dokalyp gelinýändigine taryhy, ylmy maglumatlar, dünýäniň muzeýlerinde gabat gelýän halylar we haly önümleri, taryhçylaryň we syýahatçylaryň ýazgylary, gazuw agtaryş işlerinde tapylan haly önümleri we beýleki maglumatlar şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň mukaddes Döwlet baýdagynda we Tugrasynda haly gölleriniň şekillendirilmegi, birnäçe halyçy gelin-gyzlaryň döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy türkmen halkynyň haly sungatyna we ezber halyçylara goýýan sarpasyndan nyşandyr. Türkmen halysynyň şöhratynyň belende göterilmegine, bäş müň ýyllyk şöhratly taryhy bolan halkymyzyň nepis sungatynyň ösüşine aýratyn ähmiýet bermek bilen, türkmen halylarynyň iň gadymy nusgalaryny täzeden dikeltmek, gadymy halylaryň nepis görnüşleriniň asyl nusgalaryny aýawly saklamak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär we milli mirasymyzyň çuňňur öwrenilmegi, ata-babalarymyzdan miras galan maddy we ruhy baýlyklary terbiýeçilik işinde ulanmagy, taryhy-medeni ýadygärlikleriň goralmagy, olar boýunça ylmy seljermeleriň geçirilmegi ugrunda bimöçber tagallalar amala aşyrylýar.