Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bedew — türkmen halkynyň ganaty, döwrüň şygarynyň nyşany ✦ ✦ «Arkadag» futbol kluby Türkmenistanyň Kubogyny gazandy ✦ ✦ Agrobiotehnologiýa ugrunda halkara okuw sapary geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen Özbegistanyň farm-tehnologiýalar ulgamynda strategik hyzmatdaşlygy ✦ ✦ Bilim ulgamynda sanly we innowasion tehnologiýalara bagyşlanan festiwal geçirildi. ✦ ✦ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda taryhy özgertmeler amala aşyryldy ✦ ✦ Energetika we ulag boýunça möhüm Kararnamalar kabul edildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy ✦ ✦ Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki derejesi hoşallyk döredýär ✦ ✦ Türkmen talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» diýen ada mynasyp boldy ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Türkmen halkynyň taryhynda atyr öndürmek sungaty
  21.02.2023
1936
Türkmen halkynyň taryhynda atyr öndürmek sungaty

Türkmen halkynyň taryhynda atyr öndürmek sungaty köküni müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Arheologiki barlaglaryň netijesinde Gaýly gowakdan tapylan, takmynan, biziň eýýamymyzdan öňki IX-VIII asyrlara degişli gadymy tapyndylar şol döwrüň adamlarynyň ruhy medeniýetini öwrenmäge, olaryň dini ynançlary barada netije çykarmaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde gazuw-agtaryş işleri geçirilende, adamlaryň ysly suwuklyklary (ohra) sepinendikleri barada maglumatlar ýüze çykýar. Bu maglumatlar entek daş asyrynda adamlaryň ys beriji serişdeleri ulanandyklaryna şaýatlyk edýär. Bu bolsa Watanymyzda atyr önümleriniň örän gadymy döwürde ýüze çykandygyny görkezýär.

1942-nji ýylda arheologlar Marydan Sarahsa gidýän gadymy kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşýän Daşrabat depesine ekspedisiýa guranlarynda, atyr gapjagazlarynyň birnäçesini tapýarlar. Bu tapyndylar türkmenleriň orta asyrlarda hem ys beriji serişdelerden giňden peýdalanandyklaryna güwä geçýär.

Türkmenlerde ysly otlary hem-de müşk-anbar satýan adamlara «attarlar» diýipdirler. Mysal üçin, Mäne babanyň kakasynyň ýörite müşk-anbar satylýan dükany bolupdyr. Şeýle-de ol güller bilen adamlary bejeripdir. Muhammet Gaýmaz «Pygamberleriň tebipçiligi» diýen eserinde: «Müşküň iň gowusy Horasan müşküdir» diýip belleýär. Diýmek, türkmenler müşk-anbar ýasamagy hem başarypdyrlar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Merwde, Nusaýda müşk ýasalyp, dünýä bazarlarynda satylypdyr. Müşkler öz döwrüniň iň gymmatly gözellik serişdesi bolup, olar esasan, köşk durmuşynda giňden ýaýrapdyr.

Zenanlarymyz müşki-anbary sepinmän, ony ýüpek matalara siňdirip, gupbanyň, tumaryň, düwmejikleriň gözlerine ýerleşdiripdirler. Eger-de şol ýerde ýerleşdirilen gülaply matalar gurasa, oňa hoşboý ysly suw damdyrypdyrlar. Bu usulda müşkler garyşman, öz hoşboý ysyny uzak wagtlap saklapdyr.

Atyrlary orta asyrlarda saglygy berkitmek üçin hem ulanypdyrlar. Häzirki wagtda bu bejeriş «aromaterapiýa» diýlip atlandyrylýar. Ol ýakymly yslar bilen bejermek usulydyr. Onuň esasy düzümini efir ýaglary, dürli ysly ösümlikler düzýär. Efir ýaglary agyryny köşeşdirýär we bedeniň öýjüklerini dikeldýär, madda çalşygyny işjeňleşdirýär. Hünärmenler dogry saýlanylan ýakymly yslardan dem almagyň umumy ýadawlygy aýryp, şähdiňi açýandygyny aýdýarlar. 

 

Amangeldi ATAÝEW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň talyby.