Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä medeniýetiniň kemala gelmegine we baýlaşmagyna uly goşant goşan ata-babalarymyzyň nesillerimize miras goýan, taryhyň gadymy döwürlerinden gözbaş alýan bu ajaýyp türkmen topragy ösüşlerden ösüşlere beslenýär. Bu ugurda halkymyzyň şöhratly taryhy, döreden nusgalyk maddy hem ruhy gymmatlyklary, ýol-ýörelgeleri şu günki nesiller üçin ruhlandyryjy güýç we watançylygyň kämil nusgasy bolup durýar. Bu taryhy mirasy we gymmatlyklary geljekki nesillere ýetirmek her bir adamyň mukaddes borjy bolup durýar.
Asyrlaryň jümmüşinde bolup geçen ajaýyp taryhy wakalaryň beýany ýazuw çeşmelerinde, medeni gymmatlyklarda hem-de halk hakydasynda jemlenip, nesilleriň ruhy dünýäsinde özleriniň mynasyp ornuny tapýandygy şübhesizdir. Bu nusgalyk ýolda halkyň ruhy medeniýetiniň gözbaşy bolup ajaýyp eserlerdir kitaplar möhüm orun eýeleýär. Kitaplaryň ynsan durmuşyndaky ähmiýeti barada Gahryman Arkadagymyz şeýle belläp geçýär: “Kitap ynsanyň köňül nagşydyr, ol durmuşy açyp görkezýän aýnadyr. Özünde ähli durmuş gymmatlyklaryny jemleýän kitap halkyň ruhy baýlygy, aň hazynasydyr”. Ynha, şanly wakalara beslenýän Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza “Ömrümiň manysy” atly iki tomluk ajaýyp eserini sowgat bermegi aýratyn uly waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän bu ajaýyp eserde her bir ynsanyň kalbynyň töründe orun eýelejek ahlak, adamkärçilik we watançylyk ýaly çuň filosofik pikirlerdir garaýyşlar hut taryhy wakalar, taryhda yz goýan şahsyýetleriň ömür ýollary esasynda giňişleýin görnüşde beýan edilýär. Bu bolsa ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleri watansöýüji, ahlakly we adamkärçilikli edip kemala getirmekde görelde mekdebi bolup çykyş edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna sowgat beren bu ajaýyp eseri diňe bir türkmen halkynyň genji-hazynasy bolman, eýsem dünýä halklarynyň birnäçesinde bu ajaýyp eser dürli dillerde çap edildi. Bu bolsa bu ajaýyp eseriň tutuş dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn garşylanandygyna şaýatlyk edýär.
Oguljemal Paşşykowa,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk
mekdebiniň mugallymy.