Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ "Elif Mebel" indi Damla onlaýn dükanynda elýeterli ✦ ✦ Tejen etrabynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti barada tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik ✦ ✦ Ýaşulylara bagyşlanan dabara: Tejen ttrap häkimliginde maslahat ✦ ✦ Tejende Halkara Ýaşulular gününe bagyşlanan baýramçylyk dabarasy ✦ ✦ Tejende ýeňil atletika bäsleşiginde 36-njy mekdep birinji orny eýeledi ✦ ✦ Tejende stol üstünde oýnalýan tennis ýaryşy geçirildi ✦ ✦ Tejende pagta ýygymyna işjeň gatnaşanlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy ✦ ✦ Tejen etrabynda basketbol ýaryşy: 42-nji orta mekdep ýeňiji boldy! ✦ ✦ Tejende 'Ýol Hereketiniň Howpsuzlygy' bir aýlygyna bagyşlanan maslahat geçirildi ✦ ✦ Tejen etrabynda Garaşsyzlygyň 33 ýyllygyna bagyşlanan söhbetdeşlik ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmen - gazak dostlugy pugtalanýar
  06.07.2024
249
Türkmen - gazak dostlugy pugtalanýar

Berkarar döwletiň täze  eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, baý taryhy wakalara beslenýän Diýarymyzda ähli ulgamlarda uly ösüşler gazanylýar. Esasan hem halkara gatnaşyklary ulgamyny has-da ýokarlandyrmak, dünýä döwletleri bilen ysnyşykly gatnaşyklaryny berkitmek ýaly meseleler boýunça birnäçe maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

 

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda köpugurly gatnaşyklaryň ygtybarly binýady goýuldy. Hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan döwletara we hökümetara resminamalarynyň 60-dan gowragyna gol çekildi.

 

2008-nji ýylda Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýranyň arasynda baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, Demirgazyk–Günorta ulag geçelgesiniň – Uzen (Gazagystan)– Gyzylgaýa–Bereket–Etrek– Gürgen (Eýran) demir ýolunyň gurluşygy başlandy. Demir ýoluň uzynlygy 900 km, şonuň 700 km-i Türkmenistanyň üstünden geçýär. 2013-nji ýylda demir ýoluň Bereket–Uzen aralygy, 2014-nji ýylda Bereket–Gürgen aralygy hem ulanylmaga berildi.

 

Häzirki wagtda goňşy ýurtlaryň ägirt uly ykdysady we serişde kuwwatynyň doly derejede amala aşyrylmagyna gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalaryň, şol sanda gazhimiýa pudagyndaky wezipeleriň durmuşa geçirilmegine, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine bolan özara gyzyklanmalar döreýär. Şeýle hem «Demirgazyk — Günorta» halkara demir ýolunyň hem-de türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça ýakyn wagtda iki goňşy ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň, ýolagçy gatnatmagyň we ýük daşamagyň mukdarynyň artdyrylmagyna mümkinçilik berjek häzirki zaman Türkmenbaşy — Gazagystan awtomobil ýolunyň gurluşygynyň ähmiýeti örän uludyr.

 

2018-nji ýylyň 11-nji awgustynda Aktau şäherinde 2017-nji ýylyň 18-nji aprelinde gol çekilen, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama hem iki döwletiň arasynda deňlige, birek-birege ynanyşmaga we ähli taraplaýyn hyzmatdaşlyga esaslanýan strategiki gatnaşyklary ýola goýýar şeýle-de türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň häzirki zaman talaplaryna we kuwwatyna laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarýar.

 

Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda energetika we ulag ulgamyndaky özara gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň hem-de Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň gurluşygynyň taslamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän     2024-nji ýyl hem türkmen-gazak dostlugynyň pugtalanmagynda uly ähmiýeti bolan duşuşyklaryň ýyly hökmünde taryha girýär. Muňa mysal edip 4-nji iýulda Astana şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen döwlet ähmiýetli duşuşyk  geçirildi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň giň meseleleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Beýleki ugurlar bilen birlikde energetika, ulag ulgamynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklar goňşy döwletimiz bolan Gazagystan Respublikasy bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemegine örän uly ýardam berýär.

 

Goý, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň durnuklylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýaly syýasatyny dünýä ýüzünde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, halkara gatnaşyklarynyň pugtalanmagynda adyl syýasat ýöredýän hormatly Prezidentimiziň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Gülçemen PARAHADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.