Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Garaşsyzlyk — üstünliklerimiziň özeni ✦ ✦ Ýaşlara berilýän terbiýäniň şu ýylky özeni Änew medeniýeti we Magtymguly Pyragynyň döredijiligi boldy ✦ ✦ Babamyrat Hamdamow 84 ýaşynda aradan çykdy ✦ ✦ Türkmenistanda Koreýa Respublikasynyň Ilçisiniň 12-nji taekwondo kubogy geçirildi ✦ ✦ Tejen şäherinde oglanlaryň arasynda sportuň kiçi “Futbol” görnüşi boýunça açyk çempionaty geçirildi ✦ ✦ Mekdebe çenli bilim ulgamynda çagalaryň irki ösüşine uly üns berilýär ✦ ✦ Tejen etrabynda wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi ✦ ✦ “Milli mirasymyz  genji hazynamyz” ady bilen wagyz-nesihat  ýygnagy geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda halkara 'Kids Ekspo: Ähli zat çagalar üçin' sergi-ýarmarkasy geçirildi ✦ ✦ Awazada Hazar deňzi güni durnukly ösüşe bagyşlanyp bellendi ✦
Baş sahypa / Sport /Türkmen futbolçylaryndan 3 baýrakly orun «AFL Kids Cup-2024» halkara ýaryşy
  22.07.2024
185
Türkmen futbolçylaryndan 3 baýrakly orun «AFL Kids Cup-2024» halkara ýaryşy

Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen «AFL Kids Cup-2024» halkara ýaryşynda ýaş türkmen futbolçylary baýrakly orunlara eýe boldular.

 

Dürli ýaşdaky toparlardan düzülen alty sany topar ýeňiş gazanmak ugrunda bäsleşdiler. Biziň ýaş türgenlerimiz ýaryşyň iki tapgyrynda öňdeligi sakladylar. Olardan 2012-nji ýylda doglan türgenleriň arasyndaky ýaryşda «Batly» topary öňdeligi eýeledi, 2014-nji ýylda doglan futbolçylaryň ýaryşyna bolsa «Gökje» iň ökde topar boldy. Şeýle-de «Gökje» toparynyň ýarym goragçysy Amanmyrat Rejebow ýaryşyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi.

 

Aşgabadyň «Çandybil» topary 2009-njy ýylda doglan türgenleriň arasynda Özbegistanyň türgenlerinden asgyn gelip, ikinji oruny eýelediler. Biziň futbol toparymyzyň kapitany Amanmyrat Çaryýew bolsa iň gowy hüjümçi diýlip, ykrar edildi.