logo

Latest news:
✦ Seulda ilkinji «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» sammiti geçirildi ✦ ✦ “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegi “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine tabşyryldy ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň gymmaty ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦ ✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦
Home / Culture /Türkmen atçylyk sungaty dünýä sahnasynda
  06.02.2025
745
Türkmen atçylyk sungaty dünýä sahnasynda

Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdiren atçylyk sungaty, aýratyn hem ahalteke bedewleriniň gözelligi we ýyndamlygy halkara derejesinde uly üstünlikleri gazanmagyny dowam etdirýär. Ýakynda Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary ýokary netije görkezip, Altyn baýrak we beýleki ýörite sylaglara mynasyp boldy.

Bu üstünlik ýurdumyzyň atçylyk we sirk sungatynyň taryhynda täze sahypa açdy. Mälim bolşy ýaly, türkmen bedewleri gadymyýetden bäri halkymyzyň iň gymmatly baýlyklarynyň biri hasaplanýar. Ahalteke bedewleriniň gözelligi we wepadarlygy, türkmen pederleriniň atçylyk sungatyna bolan yhlasy milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidir.

Ýurdumyzyň Milli Lideriniň başlangyçlary bilen türkmen atçylyk we sirk sungaty täze ösüşlere beslenýär. Türkmen bedewleri dünýäde atçylyk medeniýetiniň gymmatly hazynasy hökmünde ykrar edilýär. Munuň şeýledigini Monte-Karloda gazanylan üstünligiň nobatdaky subutnamasydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy dünýäde tanatmak ugrunda alnyp barylýan tagallalar täze sepgitlere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurda alyp barýan işleri netijesinde türkmen sirk sungaty we atçylyk medeniýeti halkara derejesinde belent abraýa mynasyp bolmagyny dowam etdirýär.

Aýgül GELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň
Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary
fakultetiniň öwreniji mugallymy.