logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy ✦ ✦ Döwrebap usullar arkaly iňlis dilini öwretmek ✦ ✦ Ösüşleriň we belent maksatlaryň ýyly ✦ ✦ Iňlis dilini öwrenmegiň netijeli usullary ✦ ✦ Halkara bäsleşigiň jemleri jemlendi ✦ ✦ Iňlis dili — bilim ösüşiniň açary ✦ ✦ Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň köprüsi ✦ ✦ Halkara olimpiada — ýaş diplomatlaryň ukyp synagy ✦ ✦ Ýaşlaryň intellektual bäsleşigi ✦ ✦ Halkara gatnaşyklary institutynda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦
Home / Society /Türkmen alabaýy
  28.04.2021
871
Türkmen alabaýy

     Ahalteke bedewi we türkmen alabaýy türkmen halkynyň öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyz hasaplanýar. Döwrümiziň gül açýan wagty bolan Arkadagly diýarymyzda bu gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýulýar we olaryň şanyna uludan toýlar tutulýar. Şu ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen alabaýynyň baýramynyň türkmen bedewiniň milli baýramy bilen goşalanyp, ilkinji gezek bilelikde bellenilmegi bagtyýar halkymyzyň buýsançly başlaryny has-da göge ýetirdi, milli mirasymyza, milli gymmatlyklarymyza uly hormat goýýan Arkadag Prezidentimize bolan buýsanjymyzy artdyrýar. Mälim bolşy ýaly, aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdymyzyň ähli künjeginde türkmen bedewiniň we türkmen alabaýynyň baýramy bilelikde ilkinji gezek uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçildi. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdymyzyň itşynaslary Hormatly atlara we Döwlet sylaglaryna mynasyp boldular. Ýurdymyzyň her welaýatynda teleköpri arkaly Halkara “Türkmen Alabaý itleri” assosiasiýasynyň karantin merkezi açylyp ulanylmaga berildi. Şonuň ýalyda biziň Ahal welaýatymyzda hem bu milli baýramçylyk uly dabara bilen bellenilip geçildi. Şeýle-de, 25.04.2021-nji ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşyldepe daýhan birleşiginiň çäginde hem Halkara “Türkmen Alabaý itleri” assosiasiýasynyň karantin merkezi açylyp ulanylmaga berildi. Bu açylyp ulanylmaga berlen Karantin merkeziniň açylyş dabarasynda Ahal welaýatynyň häkimi, Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Döwlet sylagyna mynasyp bolan itşynas, il sylagly ýaşulylarymyz teleköpri arkaly Hormatly Prezidentimize welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň adyndan minnetdarlyk sözleri bilen hoşallygyny bildirip çykyş etdiler. Bu açylyp ulanylmaga berlen Karantin merkeziniň içinde türkmen alabaýlarynyň saglygyna gözegçilik etmek üçin ähli şertler döredilen. Karantin merkeziniň seljeriş otagynda türkmen alabaýlary doly weterinar gözegçiliginden geçirilýär. Karantin merkezinde türkmen alabaýlarynyň içki organlary barlaýan enjamlar, gulak, burun, göz barlaýan enjamlar, şeýle-de beden gyzgynlygyny ölçeýän lukmançylyk enjamlar ornaşdyrylan. Karantin merkezinde türkmen alabaýlary uzak aralyga gitmänkä we gelende dolulygyna gözegçilik işleri geçiriler. Açylyş dabarasynyň geçýän ýerinde welaýatyň medeniýet we sungat ussatlary hoş owazly aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Teleköpri arkaly açylyp ulanylmaga berlen bu Karantin merkezinde milliligimize hem uly üns berildi.