Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /«Turan» atly halkara kinofestiwaly geçirildi
  06.05.2024
291
«Turan» atly halkara kinofestiwaly geçirildi

Şu ýylyň 2-3-nji maýynda Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde «Turan» atly halkara kinofestiwaly bolup geçdi. Bu döredijilik çäresini guraýjylar bolup Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) we Türkiýäniň Medeniýet we Syýahatçylyk ministrligi çykyş etdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Kinofestiwalyň maksatnamasyna görä 77 ýurtdan 1055 filmler görkezildi. Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi festiwalda üç sany – «Ol Rumystany görsem» režissýory H.Alowow, «Umyt» režissýory I.Annamuhammedow we «Meniň kakam» režissýory A.Eýeberdiýew - ýaly filmleri bilen çykyş etdiler. 

 

«Ol Rumystany görsem» we «Umyt» filmlerine bu halkara kinofestiwalynyň emin agzalary tarapyndan ýokary baha berlip,  olar ýörite baýraklara hem-de hormat hatlaryna mynasyp boldular. 

 

Gündogaryň beýik şahyry, akyldar hem filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bagyşlanan «Ol Rumystany görsem» atly dokumental filmi türkmen kinoçylary tarapyndan Türkiýe Respublikasynda surata düşürilipdi. Türkmen kino eseri türkmen edebiýatynyň nusgawy wekiliniň keşbini diňe bir milli derejede däl, eýsem, dünýäniň kino söýüjilerine-de giňden ýaýbaňlandyryldy. 

 

«Ol Rumystany görsem» atly dokumental filmi halkara kinofestiwalynyň maksatnamasynyň çäklerinde-de  tomaşa edildi. 

 

Şeýle-de Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigine kinofestiwalyň gurnaýjylary tarapyndan, türki halklarynyň medeniýetine goşan goşandy üçin ýörite baýrak gowşuryldy.

 

Rejepgeldi SÄHETWELIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.