Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň çagalar baglarynda çagalaryň saglygy barada alada ✦ ✦ Bütindünýä süýji kesele garşy göreş güni ✦ ✦ Saglyk — durmuşyň gymmaty ✦ ✦ Türkmen sportuna belent sarpa ✦ ✦ Daşary ýurt dili otaglaryny döwrebaplaşdyrmak ugrunda ✦ ✦ “Söýýän güýz paslyny, sarylygyny” ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti «COP29» maslahatyna gatnaşýar ✦ ✦ Saglyk we sport — röwşen geljegiň berk binýady ✦ ✦ XVII halkara sergi we «Türkmentel-2024» atly ylmy konferensiýa geçiriler ✦ ✦ Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ✦
Baş sahypa / Tebigat /Tokaýlaryň gözelligi we ony goramak
  06.11.2024
59
Tokaýlaryň gözelligi we ony goramak

Gahryman Arkadagymyzyň “Tebigaty goraýyş syýasatyndaky üstünlikler, ýurduň tebigy baýlyklaryna bolan garaýşynyň düýpgöter üýtgemegi – Beýik Garaşsyzlygyň beren miweleridir” diýip belleýşi ýaly, tebigat biziň gadymy we müdimi topragymyza ajaýyp we gaýtalap bolmajak gözelligi, täsin galdyryjy tebigy ýadygärlikleri, baý we gymmatly tebigy baýlyklary sahylyk bilen peşgeş beripdir. Ata-babalarymyzyň “Giňdir dünýä – geňdir dünýä” diýip belleýşi ýaly, güneşli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde geň-enaýy, özüne çekiji owadan tebigatyny görmek mümkündür.

Tokaýlaryň üstünligi

Tokaýlar, Türkmenistanyň milli baýlygy hökmünde, çöl klimat şertlerinde ilatly ýerleri, ekin meýdanlaryny ýalynly epgeklerden, güýçli ýellerden we tozanlardan gorap, adamlar we haýwanlar üçin amatly mikroklimaty döretmekde möhüm rol oýnaýar. Şeýle hem, tokaýlar hojalyk we sagaldyş-dynç alyş ähmiýetine eýedir. Türkmenistanyň Tokaý kodeksi tokaýlary we tokaý baýlyklaryny durnukly dolandyrmak, olary ösdürmek, kämilleşdirmek, we goramak maksady bilen kabul edilip, bu iş Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Tokaýlara wezipe türedýän zyýanlar

Tokaý hojalygyna zyýan ýetirýänler – zyýankeşler. Olar tokaýlaryň düzümine mör-möjekler, sakyrtgalar, gemrijiler, haşal otlar we mikroorganizmler girýär. Zyýankeşleriň her biriniň ekologiýasyna baglylykda, olaryň tokaý hojalygyna ýetirýän zyýany hem dürli-dürlidir. Ýangyn bolsa, tokaýlaryň iň howply duşmanlarındandyr. Tokaýlarda ýangyn iki görnüşde döräp biler: tebigy we emeli ýagdaýda. Tebigy ýangyn öz gezeginde ýerüsti we ýerasty ýangynlara bölünýär. Tokaý ýerlerinde ýerüsti ýangynyň 90%-i adamyň geleňsizligi we ot bilen biperwaý çemeleşmegi netijesinde döreýär.

Tebigaty Goraýşyň Jogapkärçiligi

Adamyň tebigata edýän geleňsizligi onuň ömrüne howp salýar. Biziň hemmämiz Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň gözel we baý tebigatyny, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini abat saklamaga, olaryň aýawly goralmagyna jogapkärdiris!

Mansur JABBAROW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň baş hasapçysy