Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Gyzykly /"TikTok" platformasy ulanyjylara täze mümkinçilik hödürleýär
  21.05.2024
835
"TikTok" platformasy ulanyjylara täze mümkinçilik hödürleýär

Sosial media ulgamynda meşhur bolan “TikTok” platformasy ýakynda özünde täzeligiň boljakdygyny habar berýär. Bu täze aýratynlyk geljekde ulanyjylaryň 1 sagatlyk wideolaryny goýmaklyga mümkinçiliginiň boljakdygyna garaşylýar. Bu aýratynlyk ilkinji gezek sosial media geňeşçisi Matt Navvara tarapyndan hödürlendi.

 

Platformanyň metbugat sekretary TechCrunch häzirki wagtda uzyn görnüşli wideo aýratynlygynyň synag edilýändigini tassyklady. Muňa garamazdan käbir “TikTok” ulanyjylar gaty bir zerur däl diýip hasaplaýarlar. Sebäbi häzirki wagtda internet ulgamynda goýulýan maglumatlaryň örän köp bolmaklygy bilen adamlaryň 5-10 minutlyk wideo ýazgylary hem doly görmeýänligidir.

 

Bu aýratynlyk belli bir bazardaky ulanyjylaryň çäkli topary üçin elýeterli bolup biler, ýöne häzirki wagtda bu barada has jikme-jiklik maglumatlar syrly bolmagynda galýar.

 

Anyklanan maglumatlara görä täze goşuljak aýratynlyk aşpezler, ýüze makiýaž edijiler we telegepleşikler üçin peýdaly bolup biler.


Mährijemal HYDYROWA,
Beki Seýtäkow adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň talyby.