Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /THE Asia University Ranking 2024-iň sanawyna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 11-si girdi
  10.05.2024
328
THE Asia University Ranking 2024-iň sanawyna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 11-si girdi

Aziýa uniwersitetleriniň – Times Higher Education (THE) Asia University Ranking 2024 reýting sanawyna 30-dan gowrak ýurtlardan Aziýa uniwersitetleriniň 1127-si girizildi. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 11-si bu reýtinga «habarçy» derejesi bilen girdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Şeýle derejä mynasyp bolan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri:

 

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti.

 

Asia University Ranking uniwersitetleriň okatmak, ylmy barlaglary alyp barmak, bilimleri geçirmek, halkara derejesindäki mümkinçilikler ýaly esasy wezipeleri beýan edýän netijeliligiň görkezijileriniň 18-siniň esasynda THE britan guramasynyň halkara bilermenleri tarapyndan ýylyň ýylyna düzülýär. 

 

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň abraýly reýtingleriniň sanawynda orunlary dowamly eýeläp, uniwersitetleriň dürli ugurlar boýunça netijeliligini ýüze çykarýarlar. Şeýle netijeler ähli ulgamlarda ýokary okuw mekdeplerimiziň alyp barýan işleriniň üstünliklidigini görkezýär, olaryň kämillige we ösüşe, mümkinçiliklerini giňeltmäge bolan hemişelik ymtylmalaryna şaýatlyk edýär. 

 

Allanur ALLANUROW,
Türrkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.