«Test» sözi iňlis dilinden terjime edilende «synag», «barlamak» diýmegi aňladýar. Eýýäm birnäçe ýyllardan bäri haýsam bolsa bir dalaşgäriň belli bir işe laýykdygyny ýa-da laýyk däldigini kesgitlemek üçin synaglaryň dürli görnüşleri ulanylýar.
Gadymy Müsürde ruhanylar üçin ýörite synaglar geçiripdirler. Ilki bilen, hünärmenler ruhanylyga dalaşgäriň daşky görnüşine we bilim derejesine, gürlemek, diňlemek we dymmak ukybyna baha berdipdirler. Soňra bolsa ot bilen, suw bilen we ölüm howpy bilen dürli agyr synaglara sezewar edilipdir.
Gadymy Wawilonda ýazyjy bolmak isleýänleri synaglardan geçirilipdir. Dalaşgär owadan ýazmak ukybyndan başga-da, ilki bilen hukuk we matematika ugurlaryny gowy bilmelidi. Adam özüni näçe köp taraplaýyn görkezse (mysal üçin, botanika bilimini ýa-da aýdym aýtmak we saz gurallaryny çalyp bilmek ukybyny görkezmek), şol hem özüniň islegine ýakynlaşyp biler diýlip pikir edilipdir.
Harby meselelerde hem ýörite synaglar geçirilip, serkerde Gedeonyň aýgytly söweşden ozal goşunyny derýanyň boýuna getirip, ondan suw içmegi buýrandygy beýan edilýär. Suwdan teşne söweşijileriň käbiri aýaklary we elleri bilen suwa ýykylyp haýwan ýaly suwdan ganmak üçin içerdiler, beýlekileri bolsa bir elleri bilen suwy agzyna getirip emaý bilen suw içip, beýleki ellerini bolsa hüşgärligi ýitirmän elini ýaragdan sypdyrman suwdan içipdirler, şeýlelik bilen Gedeon özüne söweşde ýeňiş gazanmak üçin ösen elita güýç döredipdir.
Aleksandr Makedonskiý hem söweşijileriniň ýagdaýlaryny barlamagyň usulyny hem bilýärdi. Ýagny, täze saýlanan esgerleri ilki başda her hili usullar arkaly gaharyny getirip görüpdirler, gaharyndan ýaňa ýüzleriniň gyzaranlaryny Makedonskiý ýany bilen goşunyna alyp giderdi, çünki beýle adamlaryň batyr, gaýduwsyzdygyna ynanypdyr, emma ýüzlerini ap-ak bolanlary bolsa, derde ýaramajak esgerler hökmünde garalypdyr.
XIX asyryň ahyrynda psiho-diagnostika - şahsyýet aýratynlyklaryny barlamak üçin ylmy usullary ösdürmek ylmy psihologiýa ösüp başlaýar. Ylmy synaglary esaslandyryjylar 1884-nji ýylda iňlis alymy Frensis Galton we Amerikaly Jeýms Kattelldir. Olar adamlara pul tölegi hödürläp öz laboratoriýasynda adamlaryň reaksiýasynyň tizligini, görüş ýitiligini, el güýjüni, harplary, sözleri we reňkleri ýatda saklamak ukybyny, ünslüligini öwrenýärler. Bu maksatnama boýunça takmynan 10,000 golaý adamlar bilen söhbetdeşlik geçirilip, analiz edilipdir.
Gözlegleriň netijeleri, alymlar tarapyndan obýektiw psiho-fiziologiki synaglar üçin esas hökmünde goýlupdy. Şunlukda Kattell adamyň psihologiki aýratynlyklaryny öwrenmäge we adaty synag prosedurasynyň ösdürilmegine uly üns berip «test» sözüni teklip etdi. 1990-njy ýyllarda Kattell takmynan 50 dürli testler üçin soraglar düzdi. Kattelliň bu testleri häzirki döwürde hem psihologlar we psihiatrlar tarapyndan giňden ulanylýar.
20-nji asyryň başynda, fransuzlar Binet we Simon akyl başarnyklaryna - aňyň ölçeg derejesine baha bermek üçin testleri işläp düzdüler we bu bolsa adamlaryň intellektual derejesiniň ösüşi gün saýyn ösüp başlady.
Soňky onýyllyklaryň dowamynda ýönekeýden başlap, çylşyrymly derejesine çenli birnäçe ýüz soragdan ybarat bolan dürli-dürli testler döredildi we olaryň netijeleri barlanyldy. Mekdep tejribesinde, goşunda we hünär saýlamagyň islendik ugrunda ulanmak gaty amatlydygy ýüze çykaryldy.
Aknur BAGTYÝAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.