Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Sanly ulgam – döwrebap mümkinçilikler ✦ ✦ “Parahatçylyk – bagtyň açary” atly döredijilik sergisi ✦ ✦ Ýurdumyzda maldarçylyk pudagynyň ähmiýeti ✦ ✦ Uçar ganatym bedew ✦ ✦ Tejen etrabynda “Hünärim bar-hormatym bar” atly sergi geçirildi ✦ ✦ Tejen etrabynda söhbetdeşlik gurnaldy ✦ ✦ Behişdi bedewler — türkmeniň uçar ganaty ✦ ✦ Türkmen bedewleriniň dünýä derejesinde üstünligi ✦ ✦ Bedew at — halkyň myrady ✦ ✦ “Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary” atly bäsleşik geçirilýär ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Test sowallary alyndy
  24.05.2024
389
Test sowallary alyndy

Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigi geçirilýär. Gatnaşyjylar, degişli düzgünnama laýyklykda, halkara bäsleşigiň şahsy we toparlaýyn görnüşinde ýazuw-barlag işlerine we test sowallaryna jogap bermäge girişdiler.

 

Geçirilen test sowallarynda sebit we halkara gatnaşyklary, olaryň syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady, taryhy-medeni meseleleri bilen birlikde Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň wajyp başlangyçlarynyň ähmiýeti we mazmuny, sebit parahatçylygy ugrunda dialogy hem-de hyzmatdaşlygy netijeli ýola goýmak üçin halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri, halkara gatnaşyklarynda parahatçylykly dialogyň häzirkizaman ugurlary we usullary, parahatçylygy döretmekde bitaraplyk syýasatynyň täsiri we beýleki derwaýys ugurlary şöhlelendirildi.

 

Halkara bäsleşigiň şahsy tapgyrynda gatnaşyjylar ýumuşlary we meseleleri çözmekde öz ukyplaryny synagdan geçirýärler. Ýumuşlar we meseleler halkara gatnaşyklarynda matematiki usullary ulanmak, matematiki modelirlemek, ekonometrika, logistika ýaly ugurlary öz içine alar.

 

Süleýman GURBANGULYÝEW,
rkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaş
yklary institutynyň 1-nji ýyl talyby.