Ýakynda Tejen etrabynyň Tejen şäheriniň çägindäki sport desgasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sporty ösdürmekde alyp barýan syýasatyndan ugur alyp etrabyň orta mekdeplerinde bilim alýan 15-16 ýaş aralygyndaky ýetginjek oglanlaryň arasynda sportuň kiçi “Futbol” görnüşi boýunça açyk çempionaty geçirildi.
Raýatlarymyzyň arasynda kiçi futbol oýnuna bolan höweslerini artdyrmak, ýurdumyzda köpçülikleýin sporty halkyň arasynda ösdürmek hem-de raýatlarymyzyň, ýetginjek ýaşlaryň saglygyny berkitmek maksady bilen geçirilen ýaryş çekeleşikliligi hem-de gyzyklylygy bilen ýaryşy görmäge baran janköýerlerde uly gyzyklanma döretdi.
Ýaryşyň ahyrynda emin agzalar topary tarapyndan öňdebaryjy, ýeňiji toparlar öňe saýlandy. Netijede Tejen etrabynyň sport mekdebiniň topary 1-nji orna, Tejen etrap Bilim bölüminiň topary 2-nji orna, Tejen Nebit kärhanasynyň topary 3-nji orna mynasyp boldular.
Ýaryşyň ýeňijilerine etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Maral AKYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň esasy hünärmeni.