Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan halkara hyzmatdaşlykda jemgyýetçilik diplomatiýasynyň işjeň ulanylmagyny goldady ✦ ✦ V Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi ✦ ✦ Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara forum geçirildi ✦ ✦ “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahat öz işine başlady ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak Bitaraplygymyzyň aýdyň ýoly ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby neşir edildi ✦ ✦ Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 230-dan gowrak raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Amarant ösümligi we onuň peýdasy ✦ ✦ “Bitaraplyk – parahatçylyk mukamy” atly dabaraly konsert geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Tejen şäher Medeniýet öýünde söhbetdeşlik geçirildi
  28.04.2023
686
Tejen şäher Medeniýet öýünde söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň  Kärdeşler  arkalaşyklarynyň  Ahal  welaýatynyň  Tejen  etrap  birleşmesi  hem-de  Türkmenistanyň  zenanlar  birleşiginiň  Ahal  welaýat  Tejen  etrap  zenanlar  bölüminiň  bilelikde   gurnamagynda   Türkmen  zenanyna  mahsus  bolan  millilik,  edep-terbiýe, keşde-gaýma, haly  sungaty  hem-de enelerimiziň durmuş tejribesi barada Tejen etrabynyň  Tejen şäher Medeniýet  öýünde  söhbetdeşlik  geçirildi. Oňa  zenanlar  guramasynyň işjeň  agzalary  gatnaşdy.

Türkmen zenanlary nepis halylary dokamak, keçe basmak, milli nagyşlary döretmek sungatyny kämilleşdirip biziň günlerimize ýetirdiler. Biziň zenanlarymyzyň dokan türkmen el halysy hem-de nepis nagyşly kürtesi, dakynýan şaý-sepleri bilen dünýä bellidir, bu bolsa biziň buýsanjymyzdyr. Türkmen zenany edep-ekramy, gözelligi, milli egin-eşikleri, asyllylygy ýol-ýörelgeleri bilen tanalýar. Türkmen zenanynyň on barmagynyň hünäri bolan halyçylyk we keşdeçilik sungatlarynyň ylmy esasda öwrenilmäge mynasypdyr. Türkmen gelin-gyzlarynyň iň gowy gylyk-häsiýetleri, başarnyklary, eneleriň mähirli bakyşy, yhlasy aladasy barada hormatly Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly  ajaýyp eserinde belläp geçdi. Türkmenistanyň zenanlary täze-taryhy eýýamy döredijiler, tutanýerli zähmetkeşler, olar milletimiziň belent ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak we ösdürmek bilen döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýarlar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda gatnaşanlar Türkmen zenanlaryna hormat goýýan däp-dessurlarymyzy, milliligimizi gaýtaryp beren Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler. 

 

Bägül  GURBANOWA,

Türkmanistanyň  Kärdeşler  arkalaşyklarynyň
Ahal  welaýatynyň Tejen  etrap
birleşmesiniň  kätibi.