logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Tejen etrap häkimliginiň mejlisler zalynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  28.02.2023
702
Tejen etrap häkimliginiň mejlisler zalynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Golaýda, Tejen etrap häkimliginiň mejlisler zalynda «Sagdyn durmuş ýörelgesini» wagyz etmek hem-de milli däp-dessurlarymyzy halk arasynda ündemek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga etrap häkimliginiň, bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, geňeşlikleriň arçynlary, ýaşuly wekiller gatnaşdy.

Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp halk köpçüliginiň, ýaşlaryň arasynda dürli görnüşli wagyz-nesihat çäreleriniň yzygiderli geçirilýändigi, ata-babalarymyzdan gelýän nesil terbiýesi bilen baglanyşykly söhbet açdylar. Onda baý taryhy-ruhy mirasymyza ser salsak, edep-ekram, terbiýe, halal bilen haramyň aratapawudy, ene-ata hormat goýmak, Watan mukaddeslikleri, perzentlik borçlary eriş-argaç bolup geçýändigi hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen milli-medeni mirasymyzyň, ruhy gymmatlyklarymyzyň, pederlerimizden miras galan kämil däp-dessurlarymyzyň aýawly saklanmagy, içgin öwrenilmegi we dünýäde wagyz edilmegi babatda hemme şertleriň döredilýändigi, munuň bolsa ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde hem-de ata Watanymyzyň şöhratly taryhyna, merdana pederlerimiziň şöhratly geçen ýoluna, abraýyna gyzyklanma döretmekde aýratyn ähmiýete eýe bolýandygy barada giňişleýin durup geçdiler.

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda halkymyzyň arassa ruhy taýdan tämiz bolmagy, ýaşlarymyzyň sagdyn, bilimli-terbiýeli nesiller bolmagy üçin zähmet çekmekde wagyz-nesihat işlerini halkymyzyň arasynda giňden düşündirmekde birnäçe işleri durmuşa geçirmekde ellerinden gelenini gaýgyrmajakdyklaryny hem-de hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň elmydama rowaç almagyny arzuw etdiler.  

 

Maral AKYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň 
Tejen etrap birleşmesiniň 
esasy hünärmeni.