Ýakynda Tejen etrabynyň Medenýet öýünde Tejen, Babadaýhan, Sarahs etrap häkimlikleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda Ýeňiş baýramynyň 79 ýyllygy mynasybetli “Watan gahrymanlaryny unutmaýar” atly aýdym-sazly dabara geçirildi.
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň baýram edilmegi her bir türkmen raýaty üçin şatlykly wakadyr. Ikinji jahan urşunyň aldym-berdimli söweşlerinde beýleki milletler bilen bir hatarda, türkmen ýigitleri hem halkymyza mahsus bolan mertlik, gaýduwsuzlyk bilen söweşip, gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezdiler. Olaryň gahrymançylyklary ýurdumyza abraý, dereje, mertebe getiren mertliklerden nyşandyr. Hut şonuň üçin hem, bu uruşda görkezilen, edermenlik milletiň hakydasynda baky orun tutdy.
Dabarada Watan gahrymanlarynyň hormatyny belentde saklaýan Gahryman Arkadygymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdylyp janlarynyň sag başlarynyň dik bolmagy arzuwlandy.
Şöhrat Akmämmedow,
TMÝG-niň Babadaýhan etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
esasy hünärmeni.