Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Tejen etrabynda wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi
  27.08.2024
181
Tejen etrabynda wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň  kararlaryny,  Buýruklaryny, beren tabşyryklaryny doly  amal etmek we gyşarnyksyz ýerine ýetirmek maksady bilen etrabymyzyň çägindäki  edara-kärhanalarda, bilim ulgamlarynda wagyz-nesihat etmek maksady  bilen  ýygnaklary, duşuşyklary,  tegelek stolyň başyndaky söhbetdeşlikleri yzygiderli geçirilip durulýar.

 

Ýakynda Tejen etrabynyň  Tejen şäher medeniýet  öýünde  Tejen etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň  bilelikde gurnamagynda   “Pähim paýhas ummany-Magtymguly Pyragy”  ýylynda  geçiriljek  Türkmenistanyň  Halk  Maslahatynyň  mejlisinden  gelip çykýan  wezipeleri  halk  köpçüliginiň  arasynda   giňden düşündirmek maksady bilen  wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi. Ýygnaga  etrabyň çägindäki edara kärhanalaryndaky, Ylym-bilim, Saglyk ulgamlarynda  zähmet çekýän  işgärler gatnaşdylar. 

 

Ýygnakda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  başlyklyk etmeginde her ýylda geçirilýän halkyň  bähbidine gönükdirilen  wekilçilik edýän  Türkmenistanyň Halk Maslahaty   mynasyp  watansöýüji, zähmetsöýer  ýaşlary  terbiýelemekde,  halk demokratiýasyny  mundan beýläk-de  dabaralandyrmakda,  jemgyýetimizi has-da  jebisleşdirmekde,  halkymyzyň agzybirligini berkitmekde  möhüm ähmiýete  eýedir.  Halkymyzyň  bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ata Watanymyzyň  gülläp  ösmegi,  berkarar  türkmen döwletiniň  dowamatynyň   dowam  bolmagy  ugrunda  nusgalyk işleri  durmuşa geçirilýär.  Ylym-bilim, Saglyk ulgamynda, Oba hojalygynda we beýleki  ulgamlarda  hem belent sepgitlere  ýetmekde  ähli mümkinçilikler döredilip berilýär  diýip buýsanç bilen belläp geçdiler. Ajaýyp zamanany peşgeş beren, işlemek, okamak, döretmek, gurmak üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän  Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag başlarynyň dik  tutýan tutumly işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw edip, ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Aýsoltan Öwezowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň hünärmeni.