Tejen etrabynyň 42-nji orta mekdebinde mekdep okuwçylaryň arasynda “Saglyk aýy” mynasybetli Tejen etrap bilim bölüminiň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.
Bu ýaryşa etrabyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Çekeleşikli we täsirli geçen bäsleşigiň ahyrynda 15-nji orta mekdebi üstünlikli çykyş edip 1-nji orny eýelemegi başardylar.
Şeýlelikde 2-nji orny 42-nji orta mekdep, 3-nji orny bolsa 27-nji orta mekdebiň okuwçylary eýelemegi başardylar. Ýaryşda ýeňiji bolan okuwçylara Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary hem-de hormat hatylary gowşuryldy.
Hormatly Prezidentimiziň “Biziň baş maksadymyz bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmekden ybaratdyr” diýip Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň sagdyn ösmegi üçin sagdyn gurşawy döredýär.
Arslan Orazliýew,
Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Tejen etrap
Geňeşiniň işgäri.