logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Sport /Tejen etrabynda kiçi futbol ýaryşy geçirildi
  21.08.2023
844
Tejen etrabynda kiçi futbol ýaryşy geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe sporta   uly üns berilýär.Ýaşlaryň sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmekleri, sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Geçirilýän sport bäsleşikleriniň sany gün-günden artýar.Şeýle ýaryşlaryň biri hem ýakynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Ylymlar güni mynasybetli Tejen etrap bilim bölüminiň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda etrabyň 30-njy orta mekdebiniň sport meýdançasynda sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça  geçirildi.

 


Bu ýaryşa etrabyň orta mekdepleriniň mugallymlaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Ýaryş ähli toparlar üçin hem diýseň gyzykly geçdi.

 


Diýseň çekeleşikli geçen bäsleşigiň ahyrynda netijeli oýun görkezen 42-nji orta mekdebiň topary üstünlikli çykyş edip 1-nji orny eýelemegi başardylar. Şeýlelikde 2-nji orny 30-njy orta mekdep, 3-nji orny bolsa 15-nji orta mekdebiň mugallymlary eýelemegi başardylar.

 


Ýaryşda ýeňiji bolan toparlara Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Arslan ORAZLIÝEW
Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler 
arkalaşyklarynyň Tejen etrap 
Geňeşiniň işgäri