logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Tejen etrabynda «Howpsuz iş şertleri» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi
  06.03.2023
788
Tejen etrabynda «Howpsuz iş şertleri» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň hem-de Tejen etrabynyň Altyn asyr tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän pagta arassalaýjy kärhanasynyň ilkinji guramasynyň bilelikde gurnamagynda kärhananyň işgärleriniň arasynda «Howpsuz iş şertleri» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Geçirilen wagyz-nesihat çäresinde Tejen etrabynyň Altyn asyr Tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän pagta arassalaýjy kärhanasynyň başlygy J.Çalow, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň başlygy G.Sähedow, etrap Altyn asyr Tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän pagta arassalaýjy kärhanasynyň ilkinji guramasynyň başlygy R.Oranýazow hem-de kärhananyň tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak boýunça hünärmeni Ý.Saryýew dagylar çykyş etdiler.

Olar öz çykyşlarynda 2023-nji ýylyň pagta hasylyny ösdürip ýetişdirmekde kärhanada pagta ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri, pagta hasylyny ekmekde tohumlyk pagta çigidiniň taýýarlanylyşy hem-de möwsümde zähmeti goramak boýunça kadalaryň we düzgünleriň berjaý edilişi, her bir iş ornunda zähmeti goramagyň degişli talaplaryna laýyk gelýän guramaçylyk-tehniki, sanitariýa-arassaçylyk, bejeriş-öňüni alyş, dikeldiş we howpsuz zähmet şertleriniň üpjün edilişi, zähmeti goramak boýunça gollanmalaryň göwnejaý ýöredilişi, önümçilikdäki betbagtçylykly hadysalaryň, ýol-ulag we ýangynyň döremegi bilen bolup geçýän hadysalaryň hem-de hünär keselleriniň öňüni almak boýunça çäreleriň geçirilişi dogrusynda belläp geçdiler.

Wagyz-nesihat çäräniň ahyrynda halkymyza baky bagtyýarlygy ýaran eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

 

Gurbanmyrat JUMAÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň 
Ahal welaýatynyň Tejen etrap 
birleşmesiniň işgäri
.