Ýakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Tejen etrap bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Türkmen keşdeçilik sungatyny hem-de zenan edebine ýugrulan keşdeli milli lybaslarymyzy geljekki nesillerimize nusgalyk galdyrmak maksady bilen “Hünärim bar hormatym bar” atly aýdym-sazly dabaraly sergi gurnaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriniň dürli görnüşlerine, halyçylyk, zergärçilik, keşdeçilik sungatyna hormat goýmak, olaryň inçe syrlaryny öwretmek, türkmen zenanyna mahsus bolan asylly gylyk-häsiýetleri ýaş nesillerde terbiýelemek maksady bilen gurnalan sergide medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bu ýere gelenlerde özboluşly lezzet paýlady.
Dabaraly sergide alajalaryň dürli görnüşleri, milli keşdeçilik, halyçylyk sungatyna degişli işler hem-de şol işlerde alajalaryň ýerleşdirilişi giňden beýan edildi. Serginiň dowamynda milli mirasymyza uly sarpa goýýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadygymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşly sözler aýdyldy.
Maral AKYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň
esasy hünärmeni, Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.