Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýürek-damar keselleri bilen kesellän näsaglarda ýüze çykýan ruhy bozulmalar ✦ ✦ Ukynyň adam saglygyna täsiri ✦ ✦ Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi - saglyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrlmagy ✦ ✦ 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edildi ✦ ✦ Ruhy saglyk we onuň adama täsiri ✦ ✦ «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynyň Ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Bilim - Berkarar geljegiň binýady ✦ ✦ Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteri - täze eýýamyň saglyk we ykdysady ösüş binýady ✦ ✦ Seýsmik howplar meselesi barada maslahat geçirildi ✦ ✦ Okuw-usuly maslahat: täze usullar bilime ornaşýar ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Tejen etrabynda “Akyldaryň şahyrana dünýäsi” atly bäsleşik geçirildi
  07.05.2024
272
Tejen etrabynda “Akyldaryň şahyrana dünýäsi” atly bäsleşik geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilen ýylymyzda ýurdumyzyň ähli künçeklerinde Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň hormatyna aýdym-sazly dabaralar, maslahatlar, sergiler, dürli bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Ýakynda Tejen etrabynyň 8-nji orta mekdebinde 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli “Akyldaryň şahyrana dünýäsi”  atly bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşigi etrap bilim bölümi hem-de mekdebiň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasy bilelikde gurnadylar. Bäsleşikde mekdebiň 9-10-11-nji synp okuwçylary öz arasynda bäsleşdiler.

 

Watanyň ykbaly hakynda çyn ýürekden yhlas eden, türkmen halkynyň watançy şahyry, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen bäsleşik, “Magtymguly Pyragynyň sözlerinde aýdym aýtmak”, “Watany wasp edip küşt depmek”, “Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan labyzly aýtmak”, “Geçmişden miras galan taryhy ýadygärliklerden sergi gurnamak”  ýaly dört şert boýunça okuwçylar bäsleşdiler.

 

Bäsleşik örän gyzykly hem-de çekeleşikli geçdi. Çünki okuwçylar örän ýokary derejede öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijiler yglan edilip, bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Maral Akyýewa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň
esasy hünärmeni.