Ýakynda Tejen etrabynyň Altyn asyr Tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän pagta arassalaýjy kärhanasynda, pagta ýygymy möwsümini alyp barmak maksady bilen “Ak kerwen” ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu dabara Tejen daýhan birleşiginiň jogapkär işgärleri, mehanizatorlar, bejeriji ussalar, daýhanlar gatnaşdylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimizde geçirilýän giň gerimli oňyn özgertmeler netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba-hojalygy hem yzygiderli ösýär. Döwletimiz oba-hojalygyny ösdürmek, onuň maddy tehniki binýadyny pugtalandyrmak barada uly alada edýär, beýleki oba-hojalyk ekinleri bilen birlikde, gowaça ýetişdirmekde we ýygnamakda hem edermen daýhanlarymyzyň has netijeli işlemekleri, toprakdan bol hasyl almaklary üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär.Türkmen halkymyzyň dilindäki “Jüýjäni güýz sanaşmak” diýen aýtgynyň esasynda-da, asly babadaýhan milletimiziň ýylboýy çeken zähmetiniň netijesini bu pasylda görýändigi bilen baglanyşyklydyr.
Tejen etrabynyň daýhan birleşikleriniň kärendeçi daýhanlary, köp zähmet siňdirip ýetişdirilen bol hasyly ýitgisiz ýygnap watan harmanyna tabşyrmak ugrunda jan aýaman zähmet çekýärler. Şu günler “ak altynly” pellerde pagta ýygymy sazlaşykly we güýçli depginde dowam edýär. Pagta ýygymynyň guramaçylykly geçirilmeginiň köp derejede tehnikalaryň bökdençsiz, öndürijilikli işine baglydygy hemmelere mälimdir.
Duşuşyga gatnaşanlar bize şeýle ajaýyp durmuşda zähmet çekip işlemäne giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, alyp barýan halk bähbitli işleriniň mundan beýläkde rowaç almagyny arzuw etdiler.
Bägül GURBANOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.