logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Tebigatyň täsinligi – «Demirgazyk yşyklary»
  09.12.2022
1406
Tebigatyň täsinligi – «Demirgazyk yşyklary»

Demirgazyk ýa-da polýar yşyklary - asmanda görünýän tebigy hadysa bolup, ol Ýeriň magnit meýdany bilen Günüň zarýadlanan bölejikleriniň täsiri netijesinde ýüze çykýar. Bu yşyklary Antarktidada, Günorta Amerikada we Awstraliýada has giň giňişliklerden görmek bolýar.

Adatça gijelerine görünýän Demirgazyk yşyklary esasan ionosferada demirgazyk we günorta giňişliklerinde 60-72 gradus aralygynda ýüze çykýar. Jahankeşdeler dekabr-mart aýlarynda Demirgazyk yşyklarynyň has dury we ýagty görünýändigini mälim edýärler.

Gowakdan alnan suratlarda geçirilen derňewlere görä, Demirgazyk yşyklary 32 müň ýyl bäri adamzadyň ünsüni özüne çekip gelýär. Muny ilki bolup 1619-njy ýylda Galileo Galileý syýahat wagtynda tötänlikden açýar.

Demirgazyk giňişliginde olara «demirgazyk yşyklary» diýilse, günorta bölekdäki görünýänler «günorta yşyklary» diýlip atlandyrylýar. Demirgazyk bölekde köp duş gelýändigi sebäpli alymlar olary, esasan, «demirgazyk yşyklary» diýip atlandyrýarlar.

Demirgazyk yşyklaryny görmek her kişini gyzyklandyryp biler. Sebäbi olar dürli reňklerden emele gelen älemgoşary ýatladýar. Olaryň kä 10 minut, käte bütin gije görünýändigi bellenilýär. Bu Gün şöhlesiniň mukdaryna bagly bolýar.

Yşyklar demirgazykdaky Ýeriň magnitli bölegine ýakynlaşdygyça has köp şöhle saçyp ugraýar. Magnitli bölege ýakyn görünýän yşyklar ýaşyl reňke çalymdaş, kähalatlarda bolsa şapagyň reňkine meňzeş gyzylymtyl görnüşde äpet bir şöhläni emele getirýär. Yşyklaryň mor, mawy, açyk we goýy sary, gülgüne reňklerde görünmegi bolsa şol pursatda asmanda galtaşýan elektronlara bagly bolýar. Elektronlaryň esasynda olar dürli reňke öwrülip bilýär. Ýaşyl reňkdäki yşyklar Ýerden 240 kilometr, gyzylymtyl 240 kilometrden ýokary, gök reňkli 96 kilometr, gülgüne reňkli yşyklar bolsa 240 kilometrden ýokary uzaklykda görünýär. Gije Aý şöhlesiniň güýçli bolan ýagdaýlarynda, demirgazyk yşyklaryny görmek kynlaşýar. Ol, köplenç, gijäniň tümlüginde owadan yşyk saçýar.  

 

Nurgözel ÖWEZOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.