logo

Latest news:
✦ Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy ✦ ✦ Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy ✦ ✦ Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Adalatçysy bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri ✦ ✦ Diplomatiýa — hem ylym, hem sungat ✦ ✦ Terbiýeçilik mekdebi ✦ ✦ Ýaş nesliň kämilligi ugrunda ✦ ✦ Gonkongda türkmen-hytaý atçylyk medeniýetine bagyşlanan sergi geçirildi ✦ ✦ Anadoluda gadymy siwilizasiýalaryň täze syrlary açylýar ✦ ✦ Porsche 100 göterim gaýtadan işlenen materially akkumulýator elementlerini synagdan geçirýär ✦
Home / Technology /Onlaýn söwda dünýäni nähili derejede üýtgedýär?
  06.02.2026
458
Onlaýn söwda dünýäni nähili derejede üýtgedýär?

Soňky ýyllarda onlaýn söwda diňe bir täze satuw usuly däl, eýsem dünýä ykdysadyýetini üýtgedýän güýçli hadysa öwrüldi. Bir wagtlar diňe dükan tekjelerinde satylan harytlar häzir birnäçe basyş bilen öýümize gelip ýetýär. Bu üýtgeşmäniň aňyrsynda bolsa internet we sanly tehnologiýalar durýar.


Häzirki wagtda dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan adamlar bir platformanyň üsti bilen haryt satyn alyp, tölegleri sanly görnüşde amala aşyryp bilýärler. Bu ýagdaý söwdanyň çäklerini giňeldip, “ýerli bazar” düşünjesini kem-kemden aradan aýyrýar. Kiçi telekeçiler üçin hem bu uly mümkinçilikdir olar indi uly mahabat çykdajylary bolmazdan, öz önümlerini halkara bazara hödürläp bilýärler.


Onlaýn söwda sarp edijileriň endiklerini hem üýtgetdi. Adamlar wagt tygşytlap, dürli harytlary deňeşdirip, iň amatly bahany saýlap bilýärler. Şonuň bilen birlikde, bäsdeşligiň artmagy hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyna hem getirýär. Kompaniýalar müşderini saklamak üçin has döredijilikli we müşderä gönükdirilen çözgütleri gözleýärler.


Bilermenleriň bellemegine görä, onlaýn söwdanyň ösüşi telekommunikasiýa infrastrukturasynyň derejesine gönüden-göni baglydyr. Internet tizligi we durnuklylygy näçe ýokary bolsa, sanly söwda hem şonça-da işjeň bolýar. Şonuň üçin dünýä ýurtlary sanly ykdysadyýetiň geljegini onlaýn söwda bilen baglanyşdyrýarlar.


Onlaýn söwda häzirki wagtda diňe bir ykdysady hadysa däl, eýsem adamlaryň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu ösüşiň geljekde nähili ugra tarap barjakdygyny bolsa wagt görkezer, emma onuň dünýäni üýtgetmegi eýýäm başlandy.


Gülçemen KÖMEKOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler
uniwersitetiniň talyby.