logo

Latest news:
✦ Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri ✦ ✦ Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Azerbaýjan Respublikasynda halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ «Sanly geljek-2026» bäsleşiginde iň gowy IT we robototehnika taslamalary saýlandy ✦ ✦ Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi ✦ ✦ Ilçi işe başlady ✦ ✦ Türkmen-gruzin gatnaşyklary ✦ ✦ Türkmenistan – sport we sagdynlygyň ýurdy ✦ ✦ Ýaş suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň diplom eserleri ýokary bahalandyryldy ✦ ✦ Italiýa Respublikasynyň gününe bagyşlandy ✦
Home / Politics /2028-nji ýyl — Halkara hukugy ýylyna taýýarlyk görülýär
  02.02.2026
346
2028-nji ýyl — Halkara hukugy ýylyna taýýarlyk görülýär

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2028-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara hukugyň ýylyna taýýarlyk görmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny tassyklady. Bu başlangyç döwlet Baştutanymyz tarapyndan öň BMG-niň Baş Assambleýasynda öňe sürlüp, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge gönükdirilendir. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Bu giň gerimli maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde BMG-niň Sekretariatynyň Hukuk meseleleri boýunça müdirliginiň çykyş etjekdigi bellenildi. Meýilnamanyň çäginde birnäçe möhüm we strategik çäreler göz öňünde tutulýar.

 

Hususan-da, 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň taslamasyny BMG-niň Baş Assambleýasyna hödürlemek, «Halkara hukuk we Türkmenistanyň Bitaraplygy» atly Milli konsepsiýany taýýarlamak, şeýle hem ýurdumyzda we halkara derejesinde forumlary, ylmy-amaly maslahatlary we maglumat çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär.

 

Şeýle-de, hukuk diplomatiýasynyň ösdürilmegine hem-de ýaşlaryň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berler. Mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda halkara hukugy boýunça ýörite okuw sapaklarynyň guralmagy, ýaşlaryň arasynda ylmy bäsleşikleriň geçirilmegi we DIM-niň web-saýtynda ýörite maglumat bölüminiň döredilmegi meýilleşdirilýär.

 

Aýhan NURÝAGDYÝEW,

Halkara senagatçylar we telekeçiler
uniwersitetiniň talyby.