logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Telekommunikasiýa tehnologiýalary halkara söwdanyň görünmeýän hereketlendiriji güýji
  06.02.2026
483
Telekommunikasiýa tehnologiýalary halkara söwdanyň görünmeýän hereketlendiriji güýji

Häzirki döwürde halkara söwda diňe bir portlar, ýol-ýodalar ýa-da logistika merkezleri bilen çäklenmeýär. Onuň esasy hereketlendiriji güýji telekommunikasiýa tehnologiýalarydyr. Internet we sanly aragatnaşyk bolmasa, häzirki global söwdany göz öňüne getirmek mümkin däl.


Dünýäniň dürli künjegindäki kompaniýalar häzirki wagtda birnäçe sekundyň dowamynda şertnama baglaşyp, tölegleri amala aşyryp we hyzmatdaşlary bilen göni aragatnaşyk saklap bilýärler. Munuň aňyrsynda bolsa ýokary tizlikli internet, maglumat ulgamlary we täze nesil telekommunikasiýa çözgütleri durýar. Hususan-da, 5G tehnologiýasynyň ýaýramagy maglumat alyş-çalşygyny has çalt we ygtybarly edip, biznes üçin täze mümkinçilikleri açdy.


Telekommunikasiýanyň ösmegi elektron söwdanyň hem ösüşini çaltlandyrdy. Onlaýn söwda platformalary arkaly kiçi we orta telekeçiler öz önümlerini diňe ýerli bazarda däl, eýsem halkara derejesinde hem hödürläp bilýärler. Bu bolsa bazardaky bäsdeşligi güýçlendirip, harytlaryň hiliniň ýokarlanmagyna itergi berýär.


Bilermenleriň pikiriçe, häzirki wagtda sanly infrastruktura maýa goýmak ykdysady ösüşiň iň wajyp şertleriniň biridir. Telekommunikasiýa ulgamy näçe güýçli bolsa, söwda gatnaşyklary hem şonça-da durnukly we netijeli bolýar. Şonuň üçin dünýä ýurtlary bu pudaga aýratyn üns berip, ony geljegiň ykdysady sütünleriniň biri hökmünde görýärler.

Akgözel AGANYÝAZOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler
uniwersitetiniň talyby.