logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ýürek Gadamy»: çagalaryň irki ösüşinde bilim we tejribe alyşmagyň ähmiýeti ✦ ✦ «Awazada» geçirilen halkara çäreleriniň ykdysady, syýasy we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýeti ✦ ✦ «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara duşuşyklar — durnukly ösüşiň we özara ynanyşmagyň möhüm meýdançasy ✦ ✦ «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 7–9-njy oktýabrda geçirilen halkara çäreleriň sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki orny ✦ ✦ «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy — halkara hyzmatdaşlygyň we parahatçylykly başlangyçlaryň merkezi ✦ ✦ Döwrebap lukmançylyk, kämil bilim we sagdyn durmuş — täze eýýamyň möhüm ugurlary ✦ ✦ Saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamyndaky gazanylan üstünlikler ✦ ✦ Il saglygy — ýurt baýlygy: saglygy goraýyş ulgamyndaky özgertmeler we täze mümkinçilikler ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmen–rus syýasy geňeşmeleri geçirildi
  02.02.2026
478
Türkmen–rus syýasy geňeşmeleri geçirildi

2026-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuziniň gatnaşmagynda türkmen-rus syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berildi.

 

Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş ugurlary boýunça giňişleýin pikir alyşmalar boldy. Taraplar dostlukly we ynanyşykly häsiýete eýe bolan strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler.

 

Şeýle-de, hyzmatdaşlygyň diňe ikitaraplaýyn däl-de, köptaraplaýyn görnüşde hem üstünlikli alnyp barylýandygy kanagatlanma bilen nygtaldy. Bu babatda BMG-niň we GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga, şeýle hem «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

 

Diplomatlar 2025–2026-njy ýyllar üçin baglaşylan Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäginde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda dialogy has-da işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassykladylar. Şeýle-de, sebit howpsuzlygy we durnuklylygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Annamuhammet Seýitnyýazow,

Halkara senagatçylar we telekeçiler
uniwersitetiniň talyby.