logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Halkara olimpiadalar geçiriler
  27.01.2026
671
Halkara olimpiadalar geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda iri halkara intellektual bäsleşikleriniň geçirilmegini goldady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalaryna taýýarlyk işleriniň alnyp barşy barada hasabat berdi.

 

Habarda bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylyň mart aýynda Türkmenistan üç sany abraýly halkara ylmy olimpiadanyň gatnaşyjylaryny kabul eder. Hususan-da, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda materiallaryň garşylygy dersinden V Açyk halkara internet olimpiadasy, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde VI Açyk halkara matematika olimpiadasy hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika dersinden V Açyk halkara internet olimpiadasy geçiriler.

 

Bu bäsleşiklere diňe bir ýurdumyzyň talyplary we professor-mugallymlary däl, eýsem, dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinden wekilleriň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

 

Muhammet SÖÝÜNOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.