18-nji maýda şanly ýylymyzda bellenilýän beýik türkmen şahyry we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli, Tbilisi şäher häkimligi Tbilisi teleýaýlym diňini Türkmenistanyň ýaşyl baýdagynyň reňki bilen yşyklandyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Tbilisi teleýaýlym diňi şäheriň ajaýyp görküni açýan Mtatsminda seýilgähinde ýerleşýär. Ol Tbilisiniň esasy nyşanlarynyň biri bolup, ony şäheriň ähli künjeginden diýen ýaly görmek bolýar.
Tbilisi diňiniň Türkmenistanyň baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyrylmagy, şeýle hem 2024-nji ýylyň 17-nji maýynda Aşgabatda “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de onuň çäklerinde gruzin şahyry Şota Rustaweliniň ýadygärliginiň açylmagy iki ýurduň doganlyk halklarynyň birek-birege bolan hormatyny we dostlugyny ýene bir gezek aýdyňlygy bilen subut etdi.
Tbilisi teleýaýlym diňi iki günüň dowamynda Türkmenistanyň baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyryldy.
Muhammetgeldi NURSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň Energo tehnologiýa fakultetiniň
talyby.