Ýaňy ýakynda beýik türkmen şahyry MAgtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp Tbilisiniň Suhumi döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän okuw otagy açyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.
Dabara türkmen wekiliýetiniň agzalary, şeýle-de ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Gürjüstandaky ilçisi D. Seýtmammedow ýygnananlar bilen söhbetdeşlikde medeni we ynsanperwerlik pudagynyň häzirki zaman türkmen-gürji döwletara gepleşikleriniň aýrylmaz bölegidigini aýtdy. Türkmen wekiliýetiniň agzalary Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerlige, halallyga we agzybirlige çagyrýan eserleriniň ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygyny bellediler.
Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Z.Honelidze Magtymguly Pyragynyň okuw otagynyň açylmagynyň gruzin halkynyň Magtymguly Pyragynyň goşgulary, döredijiligi, türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary bilen tanyşmakda gollanma bolup çykyş etjekdigine güwä geçdi. Çäräniň ahyrynda türkmen halk sazlary türkmen sungat işgärleri tarapyndan ýerine ýetirildi.
Gülbahar GURDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
talyby.