Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Täze tehnologiýalar bilen ýokary hilli “Ahal” ýagy
  31.10.2024
206
Täze tehnologiýalar bilen ýokary hilli “Ahal” ýagy

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginde ýerleşýän “Ahal” ösümlik ýag kärhanasy ýurdumyzda iri kärhanalaryň biridir. Kärhana, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlup, her ýyl ýüzlerçe tonna ýokary hilli ösümlik ýagyny öndürýär. Bu önüm içerki bazarda ýokary islegden peýdalanyp, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutmaga kömek edýär.

“Ahal” kärhanasynda häzirki zaman ýokary tehnologiýalar we öňdebaryjy enjamlaryň kömegi bilen ýokary hilli gowaça çigidi gaýtadan işlenilýär. Ýaş hünärmenler barlaghanada önümleriň hilini berk gözegçilikden geçirip, ekologiýa taýdan arassa we saglyga peýdaly önümleri üpjün edýärler. Kärhana her ýylda 94 müň 500 tonna pagta çigidini gaýtadan işläp, iş meýilnamalaryny üstünlikli berjaý edýär.

 

Agajanowa Bägül
Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň ýöriteleşdirilen 11-nji orta mekdebiniň Iňlis dili mugallymy