Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýürek-damar keselleri bilen kesellän näsaglarda ýüze çykýan ruhy bozulmalar ✦ ✦ Ukynyň adam saglygyna täsiri ✦ ✦ Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi - saglyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrlmagy ✦ ✦ 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edildi ✦ ✦ Ruhy saglyk we onuň adama täsiri ✦ ✦ «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynyň Ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Bilim - Berkarar geljegiň binýady ✦ ✦ Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteri - täze eýýamyň saglyk we ykdysady ösüş binýady ✦ ✦ Seýsmik howplar meselesi barada maslahat geçirildi ✦ ✦ Okuw-usuly maslahat: täze usullar bilime ornaşýar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Täze okuw ýylyna taýýarlyk görülýär
  03.08.2024
226
Täze okuw ýylyna taýýarlyk görülýär

Ata Watanymyzyň geljekki ösüşlerini, halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşyny ylym-bilim bilen berk baglanyşdyrýar. “Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda   Gahryman Arkadagymyz, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň bilim ulgamyny düýpli özgertmäge uly ähmiýet berýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda geçen gysga döwrüň içinde ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylan ajaýyp işleri sanardan köp. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe bilim ulgamynda ýaş nesilleri okatmagyň usullary hil babatda bütinleý täze derejelere göterildi. Bu gün bagtyýar ýaşlar döwrebap kompýuter enjamlary, dünýä ylmynyň gazanan iň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen bilim ojaklarynda okap bilim alýarlar.

 

Häzirki wagtda tomus pasly bilen bilelikde, çagalaryň tomusky dynç alyş günleri hem dowam edýär. Ýaş nesilleriň tämiz, ak otaglarda okap bilim almaklary üçin etrabyň ähli bilim ojaklarynda täze okuw ýylyna taýýarlyk görülýär. Mekdeplerde we çagalar baglarynda ýeňil abatlaýyş işleri geçirilýär. Biz ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşi hem öz gezegimizde etrap bilim bölüminiň ýörite topary bilen bilelikde aýlanyp işçileriň armasyny ýetirip durýarys.

 

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek, şeýle hem bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatdaky durmuşa geçirýän ajaýyp işleri göwünlerimizi galkyndyrýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli  ynsanlar bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun, bilim ulgamyny ösdürmekde alyp barýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin.

 

Hakberdi SAPARDURDYÝEW,
Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşiniň hünärmeni.