logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Science and Education /Täze okuw ýylyna taýýarlyk
  30.07.2022
849
Täze okuw ýylyna taýýarlyk

       Ata Watanymyzyň geljekki ösüşlerini, halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşyny ylym-bilim bilen berk baglanyşdyrýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň bilim ulgamyny düýpli özgertmäge uly ähmiýet berýär. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda geçen gysga döwrüň içinde ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylan ajaýyp işler sanardan köp. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe bilim ulgamynda ýaş nesilleri okatmagyň usullary hil babatda bütinleý täze derejelere göterildi. Bu gün bagtyýar ýaşlar döwrebap kompýuter enjamlary, dünýä ylmynyň gazanan iň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen bilim ojaklarynda okap bilim alýarlar.
       Häzirki wagtda tomus pasly bilen bilelikde çagalaryň tomusky dynç alyş günleri hem dowam edýär. Ýaş nesilleriň tämiz, ak otaglarda okap bilim almaklary üçin etrabyň ähli bilim ojaklarynda täze okuw ýylyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Mekdeplerde we çagalar baglarynda ýeňil abatlaýyş işleri geçirilýär. Biz Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Tejen etrap Geňeşi hem öz gezegimizde Etrap bilim bölüminiň ýörite topary bilen bilelikde aýlanyp işçileriň armasyny ýetirip durýarys.
       Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek, şeýle hem bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatdaky durmuşa geçirýän ajaýyp işleri göwünlerimizi galkyndyrýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli ynsanlar bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik ömri uzak bolsun, bilim ulgamyny ösdürmekde alyp barýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!


Myrat ÇARYÝEW,

Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Tejen etrap
Geňeşiniň başlygy.