Täze eýýamda dünýä standartlaryna, strategik özgerişlere üstünlikli goşulyşýan ýurdumyzyň bilim ulgamynyň öňünde täze wezipeler goýulýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2024-nji ýylyň 25-nji maýda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken bu taryhy Kararyndan gelip çykýan wezipeler boýunça okatmagyň innowasion tehnologiýalaryny okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmak, döwletimiziň umumybilim maksatnamalary esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak ýaly işlere möhüm täzelikleriň girizilmegi bilim işgärleriniň uly goldawyny gazandy.
Şu resminama bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmagy netijeli dowam etdirmek, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi. Konsepsiýanyň mazmuny, maksady we wezipeleri Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan, «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan», «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyndan» we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ugur alýar.
«Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» 8 bapdan ybaratdyr. Konsepsiýanyň degişli baplarynda umumybilim maksatnamalary boýunça ýurdumyzda okatmagyň usulyýetiniň häzirki ýagdaýy, onuň kesgitlenen maksady we wezipeleri barada maglumat berilýär. Okuw-terbiýeçilik işleriniň alnyp barlyşynyň häzirki tapgyrynda ýurduň geljekki ösüşlerine işjeň goşulmaga, Watanyň bähbidini şahsy bähbidinden öňde goýmaga taýýar, bilimli-terbiýeli, özbaşdak döredijilikli pikirlenmegi başarýan, zähmet çekmäge, bilim almaga höwesli, halkara derejede bäsdeşlige ukyply, ahlak taýdan arassa, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen kämil şahsyýetleri kemala getirmek möhümdir.
Pedagogik işgärleri taýýarlamagyň, gaýtadan taýýarlamagyň, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýän düzgünler hem resminamada giňişleýin görkezilýär. Pedagogik işgärleri taýýarlaýan hünär bilimi edaralarynyň okuw maksatnamalaryna pedagogik işgäriň gözleg-barlag işini alyp barmaga bolan ýörite başarnygyny kemala getirmäge we ösdürmäge ýardam edýän aýratyn temalaryň, ýörite okuwlaryň girizilmegi meýilleşdirilendir. Konsepsiýa laýyklykda, umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek babatda halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmagyň geljekki maksatlary beýan edilýär.
Konsepsiýanyň amala aşyrylmagynyň netijesinde, psihologiýanyň, pedagogikanyň we okatmagyň usulyýetiniň soňky gazananlary esasynda ýaş nesle bilim-terbiýe bermegiň usulyýeti yzygiderli kämilleşdiriler. Konsepsiýada bellenenleriň iş ýüzüne ornaşdyrylmagy esasynda, bilim ulgamynyň resminamalaýyn hukuk binýadynyň üsti ýetirilip, ýaş nesliň döwrebap kemala getirilmeginde geçirilmeli işleriň many-mazmuny täzelener, baýlaşdyrylar we geljekki ösüşleriň berk binýadyna öwrüler.
Aýjemal IŞANOWA,
Ak bugdaý etrabynyň 6-njy çagalar bagynyň mūdiri.