Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Täze eýýamyň üme dessury
  05.07.2024
284
Täze eýýamyň üme dessury

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny öwrenmek, olary dünýäde giňden wagyz etmek, medeni mirasyň esasy ugurlaryny geljek nesillere ýetirmek ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, halypa-şägirtlik mekdebiniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň milli mirasymyzy ösdürmekde bitiren ägirt uly işlerini häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň mynasyp derejede dowam etdirmegi bilen,  gadymyýetden gelýän däp-dessurlarymyz şu günki nesillere ýetirilýär.

 

Eli çeper, dili şeker mähriban enelerimiz gyz perzentlerine öz el hünärlerini, kesp-kärlerini öwretmegi, çagalykdan el hünärine söýgi döretmegi enelik borçlary hasaplapdyrlar. Çünki mähriban enelerimiz el hünärini bereket başy hasaplap, haly dokamak, keçe basmak, keşde çekmek, gaýma gaýamak, gülli jorap örmek, ýorgan-düşek tikmek ýaly işleri öwredipdirler. El işlerini sungat derejesine ýetirmegi başaran ene-mamalarymyzdan miras galan bu asylly däp häzirki ajaýyp döwrümizde hem dowam etdirilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda türkmen zenanlaryna mahsus bolan üme dessury, milliligimizi, el-işlerimizi wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ilkinji zenanlar guramasy bilen bilelikde “Täze eýýamyň üme dessury” atly duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlary we talyp gyzlary gatnaşyp, üme dessury, türkmen halyçylyk we keşdeçilik sungatynyň, el hünäriniň däpleri barada gürrüňdeşlik geçirildi. Çäräniň dowamynda talyp gyzlar Magtymguly Pyragynyň goşgusyna düzülen aýdym we milli sungatymyza bagyşlanan şygyrlar bilen çykyş etdiler. Bu duşuşyga talyp gyzlarymyz gatnaşyp, özleriniň on barmagynyň hünäri bolan halynyň dokalyşy, keşdäniň inçe syrlaryny hakynda içgin tanyşdyryp, bu günki ýaş nesilleriň hem gadymdan gelýän milli el işlerimiziň has-da kämilleşmegine itergi berýändiklerini buýsanç bilen bellediler.

 

Bägül Hojanyýazowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

Amaly-haşam sungaty fakultetiniň
3-nji ýyl talyby.