Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Tejen Awtoulag kärhanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Beýni keselleriniň psiholohik täsirleri ✦ ✦ Psihologiýanyň çäginde Psihoterapiýanyň tutýan orny ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk
  21.11.2024
112
Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk

20-nji noýabr, 2024 – Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi bilen Ýewropa Bilim Gaznasynyň arasynda ähmiýetli duşuşyk geçirildi. Bu duşuşykda bilim ulgamynyň täze sepgitlere tarap açylýan mümkinçilikleri, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we innowasiýa esasly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
 

Duşuşyga Ýewropa Bilim Gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça utgaşdyryjysy, DARYA taslamasynyň çäklerinde SCAFFOLD usulyýetiniň topar agzasy hanym Raano Turaýewa-Hýonen, Türkmenistanyň Innowasiýa maglumat merkeziniň direktory Çary Hanmuhammedow we beýleki degişli hünärmenler gatnaşdy.

Duşuşykda SCAFFOLD usulyýetiniň ähmiýeti we bu ugurdaky taslamalaryň täsirini ýokarlandyrmak boýunça mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol bir wagtyň özünde, sanly bilim ulgamynyň mümkinçilikleri we ýurdumyzyň bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagyna degişli başlangyçlar aýratyn üns merkezinde boldy.

eMekdep platformasynyň tanyşdyrylyşy:
Türkmenistanyň sanly bilim ulgamy boýunça öňde baryjy platformalaryň biri bolan eMekdep giňişleýin tanyşdyryldy. Platformanyň bilim alyş-beriş işini has amatly we netijeli edýän esasy funksiýalary duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Myhman Raano Turaýewa-Hýonen, bu platformanyň innowasion häsiýetlerini ýokary bahalap, geljekde sanly bilim ulgamynda täze taslamalary durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň möhümdigini nygtady.

Bilim hyzmatdaşlygynyň geljegi:
Çary Hanmuhammedow hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada çykyş edip, innowasiýa esasly taslamalaryň ýaş nesli döwrebap taýýarlamakdaky orny barada belledi.

Bu duşuşyk, Türkmenistanyň we Ýewropa Bilim Gaznasynyň bilim pudagynda işjeň hyzmatdaşlyga bolan ygrarlylygyny ýene bir gezek görkezdi. Halkara hyzmatdaşlygyň täze sepgitlere çykmagyna we sanly bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam berjek başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Mähriban AMANSÄHEDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň 1-nji ýyl talyby.