Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Taryhy-medeni ýadygärlikleriň ösen mekany
  14.03.2023
997
Taryhy-medeni ýadygärlikleriň ösen mekany

Geçmişi şöhratly merdana türkmen halkymyz özüniň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklary, medeni mirasy bilen dünýä medeniýetine, ylmyň ösmegine saldamly goşant goşan halk hökmünde tanalýar. Munuň şeýledigini milli gymmatlyklarymyz hem-de ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni, arheologik ýadygärlikler hem doly tassyklaýar. Bu taryny-medeni ýadygärlikleriň has gadymy döwürlere degişlileri köp bolmak bilen, bu gadymy desgalar özüniň özboluşly gurluş äheňi, binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Olaryň ençemesi ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyna hem girizildi.  Şeýle taryhy-medeni ýadygärlikleriň ençemesi ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýär. Olara gadymy Dehistan, Goňurdepe, Köneürgenç, Altyndepe, Soltan Sanjaryň kümmeti, Ulugdepe, Nusaý, Amul, Merw ýadygärliklerini mysal getirmek bolar. Bu taryhy-medeni ýadygärliklerden tapylan taryhy tapyndylar özüniň gaýtalanmajak gurluşy hem gymmaty bilen bellidir. Bu şöhratly hem keramatly ýerler biziň ata-babalarymyzyň geçmiş taryhymyzda medeni we ylym babatda ösen düşünjeli halk bolandygyny alamatlandyrýar. Nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize çenli saklanyp galan bu taryhy ýadygärlikler ýaşlary ruhy-ahlak taýdan terbiýelemekde diýseň uly ähmiýete eýedir. Eziz topragymyzyň üstünden geçen, Gündogar bilen Günbataryň arasynda ykdysady hem medeni köpri bolup hyzmat eden Beýik Ýüpek ýoly syýasy, ykdysady we medeni babatda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde örän uly ähmiýete eýe bolupdyr. Bu bolsa Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ençeme taryhy galalaryň peýda bolmagyna, ylmyň hem medeniýetiň, baý medeni mirasymyzyň we ruhy gymmatlyklarymyzyň pajarlap ösmegine öz täsirini ýetiripdir. Pajarlap ösen ylmyň hem medeniýetiň mekany bolan Türkmenistan ýurdumyzda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzyň ösdürilmegine, medeni gymmatlyklarymyzyň aýawly saklanmagyna we dünýä ýaýylmagyna uly üns berilýär. Munuň üçin mähriban halkymyzyň, bagtyýar ýaşlaryň kalplarynda Milli Liderimize hem-de Arkadagly Serdarymyza bolan çäksiz buýsanç bar. Goý, türkmen halkymyzyň şöhratly geçmiş taryhyny düýpli öwrenmek babatda alnyp barylýan döwletli işleriň dowamaty hemişe dowam bolsun! 

 

Älemjahan AŞYROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.